MEDENIÝET

Türki dünýäniň medeni paýtagty Änew dabaralara taýýarlanýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýokary derejedäki çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri görülýär. Medeni çäräniň çäklerinde konsert, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gadymy Änew şäheriniň adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu şäher asyrlaryň dowamynda dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär we gadymy döwürlerden bäri tutuş dünýäde bellidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri