BILIM

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

 Indoneziýa Respublikasynyň Bali welaýatynyň Denpasar şäherinde geçirilen VI halkara ylym we oýlap tapyş taslama bäsleşigine 23 döwletden zehinli ýaşlaryň 300-den gowragy gatnaşdy.

Bu abraýly halkara bäsleşikde ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-12-nji synp okuwçylarynyň 5-si 4 taslama işi bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden 1, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden 2 talyp jemi 2 taslama işi bilen gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan topara agzalan mekdep-internatyň informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew, talyp ýaşlara bolsa Mekan Allyýew ýolbaşçylyk etdi.

VI halkara ylym we oýlap tapyş taslama bäsleşiginiň jemi boýunça mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Alymuhammedow aýratyn sylaga we altyn medala, 11-nji synp okuwçylar Kerimberdi Myratlyýew hem-de Rahmanberdi Ödemyradow altyn medallara mynasyp boldular.

Şu mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetguly Oraznepesow we 12-nji synp okuwçysy Oguzhan Mergenow kümüş medallary gazandylar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary Ýaran Hudaýberdiýew, Kerim Meredow dagy hem altyn medallary eýelediler.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar