DÜNÝÄ

Hazar deňzi boýunça ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisiniň (COP29) çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşykda Hazar deňzi boýunça ýaşyl energiýa geçelgesini döretmek boýunça möhüm ylalaşyklara gol çekildi. Ilki bilen, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda ýaşyl energiýany ösdürmek we geçirmek babatynda strategiki hyzmatdaşlyk hakynda” şertnama gol çekdiler.

“COP29” maslahatynyň sebit we sebitara derejesinde ýene bir möhüm netijesi, Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan Hazar deňzinde gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we geçirmek barada ähtnama gol çekdi. Taslama Gara deňziň aşagyndaky energiýa kabelini geçirmek bilen hem baglanyşykldyry. Şeýlelikde, täze ýaşyl energiýa geçelgesi emele gelýär.

Şeýle hem üçtaraplaýyn duşuşygňy çäklerinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň hem-de Sadu Arabystanynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary “Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika ministrlikleriniň arasynda ýaşyl energiýany ösdürmek we geçirmek pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça ýerine ýetiriji maksatnama” gol çekdiler.

Ýene-de okaň

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri

Tramp işewür Maska täze hökümetde iş teklip etdi

Özbegistan howa ýitgileri we zyýany boýunça halkara merkezi döretmegi teklip etdi

Täjigistan 2037-nji ýyla çenli dolulygyna “ýaşyl” ýurt bolar

Ata Watan Eserleri

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatdaky ulag forumyna çagyryldy

Türkmenistanyň wekiliýeti COP29 maslahatyna gatnaşýar