HEKAÝALAR

Bedew nikasy (hekaýa)

Ilki daşlaryň şygyrdysy, soňam aýak seslerine goşulyşýan «Hüw», «Hak» diýen ses eşidildi. Yz ýanyndanam gara daglaryň aňrysynda hortap göwre göründi.

Ötegçi boz sähralykdan gelýän, oňa oglanlykdan tanyş bolan mähriban ysy – ýowşanyň ajymtyk ysyny temegine dartyp, özüniň gymmatbaha zadyny ýitirip tapan adam ýaly gussa bilen ýylgyrdy. Soňam, hawa, soňam ho-ol alysda salgym bolup görünýän ýalňyz çatma tarap ýöneldi. Çatmanyň taýak salym bärsinde iki sany bedew at, bolaýsa ýedi-sekiz ýaşlarynda diýdirýän başy şyrdakly oglanjyga tabynlyk bilen boýun bolup oýun edýärdi.

Asman çaňyň derdinden garalypdy. Gün boz meýdana ýukajyk çal öýmäniň aňyrsyndan seredýän ýaly seredýärdi. Oglanjygam, bedew atlaram tötänden düşen ýalňyz ötegçini gözlerini aýyrman synlaýardy.

Ötegen ýerden bir gysym toprakalyp,gözüne sürtdi, soňam ony hamraklyk bilen tä demi gutarýança ysgady. Soň ýene ysgady. Soňam… Şu şorumtyk topragyň ysyny almak üçin, ol gör, näçe ýol geçipdi… Ötegçi eginlerini silkip çalaja aglady. Özüniň birneme ýaşandygyna garamazdan,uly göwresini kiçeldip, çep elini gursagyna goýdy. Soňam oglanjyga hemem bedew atlara hormat hökmünde belent başyny egdi.

Bu dostlukly hereket, mähriban topraga tagzymdy. Ol oglanjyga tanyşdy. Atasy heniz dünýede gezip ýörkä, her gün Günüň dogşuny synlap, ogullyk parzy bilen şeýle hereket ederdi.

Ötegçiniň egin-başyna, hasam, hortap göwresini örtüp duran hyrkasyna seretseň-ä, ol derwüşdi. Ýöne onuň keşbi, oglanjygyň aňynda berk ornaşan ýüz–oguz iliniň adamsynyň ýüzüdi. Dünýäniň tozuny özüne siňdiren uzyn ýapynjasy, ötegçiniň kendir matadan berk edip dikilen giň gök balagyny, hemem saçy bilen reňkdeş çal köýnegini görkezmän, diňe gara ýeri basgylaýan aýaklaryny görkezýärdi.

Onuň iýmeşik çal saçlarynyň ujuna sary sähralygyň bitginli çöpi bolan selniň bişen darylary eýýäm ýelmeşip ýetişipdir. Süýrüräk solgun ýüzüni çaganyňky ýaly aýdyň gözleri ýagtyldýar. Ol gözler hemme zada–oglanjyga-da, bedew atlara-da, gök asmana-da, daraýy depelere-de mähremlik bilen seredýär.

Bu zatlaryň baryny oglanjyk oglan gözleri bilen görýärdi. Şonuň üçin onuň kimirsiz kalbynda ötegçä nebsi agyrmak ýaly bir zat oýanýardy. Ötegçiniňem gelşikli, ýöne gartaşanlygy sebäpli ýol azabyndan aran dodaklary Güne gaýzygan murtlarynyň aşagyndan oglanjyga ýylgyrýardy.

–Ismiň näme, köşegim?

–Türkmen…

–Ataň ismi?

–Seljuk…

–Bu il, haýsy il?

–Oguz ili…

Ötegçi şo sözleri içinden gaýtalady.

«Oguz ili…»

Soňam ýeke ýüzüni däl, gözlerinem güldürip, ýene oglanjyga sowal berdi.

–Ol owadan gunanyň ady näme?

–Kümüşguýruk…

–Garador atyň?

–Jygalygara…

–O seleňläp görünýän gala haýsy gala?

–Nusaý galasy…

–Galada kimler oturýar?

–Oguzlar…

Oglanjyk her gezek jogap berende, ötegçi ynjalýan ýaly, başyny atýardy. Bu az salymyň içinde bolup geçen mähremlik oglanjygyň göwnüni göterdi. Şonuň üçin ol nätanşyň indiki aýtjak bolýan pikirini okajak bolýan ýaly, onuň ýukalan maňlaýyna seredýärdi.

Nätanyş mähir bilen atlaryň sagrysyny taýly gezek sypalap, Kümüşguýrugyň guýrugyndan bir taryny ýolup, torbasyndan çykaran mis temene sapdy. Soňam, ömri bilen ömürdeş bolup gelýän  ýapynjasyny ýamamaga oturdy.Soň keramatly kitaplaryň ýagty sürelerini okaýan ýaly, ganatly sözleri zybanyna getirdi.

–Garry derwüşiň uly dünýäni gören hyrkasyna, ýaşajyk Türkmeniň, bedew atlaryň, Oguz iliniň topragy ýamaldy. Indi siz biçäre derwüşiň yzyna tirkeldiňiz. Biçäre derwüşiň aýagynyň düşen ýerinde, olaryň şöhraty müdimilik ýaşar… Bu ýer, Kesearkajyň düzi–bedew atlaryň nikasynyň gyýlan ýeri bolar…

Derwüş bu zatlary dodaklaryny müňküldetmän aýdansoň, oglanjyk olaryň baryny eşidýärdi. Hemem birwagtlar garry atasynyň bedew atlar hakynda altyn syýa bilen ýazmaly sözler dörär diýen sözüni ýadyna salýardy.

Garry derwüş bolsa, gözlerini süýjülik bilen süzüp, kalby ynsana öwrülen, akylly hem asylly janawar hakynda düre öwrülen sözlerini henizem gysganmaýardy.

–Olaryň şamçyrag dek dünýäni ýagtyldan şuglasy uzak-uzak ýyllar ýaşar. Hiç bir güýç, hiç bir närse ony öçürip bilmez. Sebäp, Güni durzup bolmaýar… Bedew atlaram Gün nurunyň guşlarydyr…

Oglanjyk gözlerini gyrpman derwüşi diňleýärdi, hemem baýaky gören düýşüni hakydasyna getirjek bolup çytraşýardy. Düýşünde bir ak selleli, şu derwüş pisint adam, owadan gyr atyň irişmesini onuň eline tutdurýar, hemem şeýle sözleri aýdýar:

«Türkmeniň bagt paýyna uçar atyň nesibesi çekdi. Ol hemişelik ýoldaş bolup, kalbyňy diňlär…».

Şonda oglanjyk ilkinji ýola derwüşe begençli ýüzlendi.

–Kesearkajyň düzünde bedew atlaryň nikasynyň gyýylmagy.. Bu nämäniň hekaýaty?…

–Bu ümsüm düz, Allanyň nazar salan ýeri. Bu topraga Günüň şöhlesi dury düşýär… Günüň şuglasynyň dury düşen ýeri keramatlydyr.

–Günüň şöhlesiniň dury düşýänligini nädip bilip bolýar?

–Asmanda seýrek dogýan uly ýyldyzlar saňa hemmesini aýdýar… Eger iri ýyldyzlar doganda görnükli, aýdyň görünse, Günüň nury durudyr. Ýyldyzlaryň daşyna owunjak ýyldyzlar aýlansa, Gün tutuksy şöhle saçýandyr. Bu ýerden – Kesearkajyň düzünden asmana nazar salsaň, hemişe ýyldyzlar owadan, dury ýalpyldaýar…

Şol gün agşam oglanjyk, tanaýan iri ýyldyzlaryna birin-birin seredip çykdy.

«Ol, gaýradan ilerligine süýnüp barýan-a Akmaýanyň ýoly, olam azajyk ömürde ýaşaýan Ömürzaýa. Ol agşam şapagynyň öň syrasynda görnüp, Gün bilen bile ýaşýar. Şonuň üçin, azajyk ömürde ýaşansoň, oňa Ömürzaýa diýilýär. Daň ýyldyzynyň ýanynda ýanaşyp görünýänem Kerwengyran… Ol uzakdan görünýän ýiti ýyldyz owlajyklaryny yzyna tirkäp, agylyna ýetip barýanam, Ekiz owlakly geçi, olam Awdalgolak»

Ýyldyzlaryň hemmesi derwüşiň aýdyşy ýaly, görnükli, dup-durudy… Oglanjyk begençli pyşyrdady:

«Kesearkajyň düzi, bedew atlaryň nikasynyň gyýylýan ýeri…»

Syrly dymyp ýatan sary sähralyk owadan ýaýlanyň syryny özünde saklap, parasatlylyk bilen dymýar. Garry derwüşdir oglanjyk türkmen Gününiň aşagynda bolup geçýän bu ajaýyplyga guwanyp, atlaryň sagrysyndan gelýän bozgunç ysy demine dartýar.

Garry derwüş sary sähralaryň öz göwsünde gözellik döredip bilýänligi üçin, onuň hemişe parasatlydygyny aýdýar. Oglanjygyň kalby ýene ganatly sözlerden dolýar. Onuň öňki görüp ýören adaty zatlary – daraýy depeler owadan ýaýla, bedew atlar indi onuň gözüne geçmişden galan, gaty gadymy zat ýaly bolup görünýär. Hatda, garry derwüşem, şol birwagt düýşünde atyň jylawyny tutduran ak selleli goja çalym edýän ýaly bolýar…

«Be, bi şolmuka?…»

«Köne aýdymlaryň has owazly, şirin eşidilmegi üçin gözellik gerek. Ýöne çyn gözellige–bedew atlaryň döredýän gözelligine, hiç hili gözellik gerek bolmaýar. Olaryň özi gözel, şol gözellikleri bilen dünýäni bezeýärler».

Bu garry derwüşiň sözleri.

Oglanjyk hem-ä derwüşiň gürrüňlerini diňleýär, hemem Jygalygaradyr Kümüşguýrugyň biri-birine nazarlary düşende, has üýtgeşik seredişýändiklerine haýran galýar. Han-ha, ol, Kümüşguýrugy takat bilen hyjuwly ysyrgap, özüniň agyr kellesini onuň sagrysyna atdy. Şeýle galagop ýagdaýdaka Jygalygaranyň damarlarynyň güýçli tirpilleýänligini oglanjyk uzakdan saýgardy.

Kümüşguýrugam ony haýwanlara mahsus bolan gussa bilen söýüp, owadan gözlerini herdaýym Jygalygara dikýär. Onuň nazary ýumşak hem dostlukly.

Söýgi diýip atlandyrylýan belent duýgudan oglanjyk entek gaty daşdady. Eger ol onuň näjüre zatdygyny bilen bolsa, onda ol bedew atlaryň söýgüsiniň ynsan söýgüsine juda meňzeşdigini duýardy.

Söýgi hem agras duýgy islegi Jygalygarany demsaýyn Kümüşguýruga sary itekleýär. At ýüregi – hyjuwly ýürek. Ertekä dyzaýar…

Mähremlikdir bagtyýarlygyň ynsany özgerdişi ýaly, at janawarlaram sähel wagtyň içinde üýtgedýändigini oglanjyk gördi. Kümüşguýrugyň göwresinde ýaňy saçy örüme gelen ýetişmiş gyzyň gözelligi ýaly ajaýyplyk görünýär. Jygalygaranyň akylly gözlerinde-de, juwanlygyň sarp edilmedik egsilmez jöwheri duýulýar.

 

* * *

Sary sähralykda ýaşaýyşdan doly göze görünmeýän durmuş başlandy. Ömür ýaş, ter otlaryň ysy kükäp duran sähra biçak täsinliklerden doldy. Daň şapagy begençli hem sabyrsyz öwşün atýar. Göjeler ir güllänsoň, asmandan durnalaryň çagyryjy sesi ir eşidildi.

Şeýle günleriň birinde Kümüşguýrugyň düşbi gözlerinde haýsydyr bir zada garaşyjy düşnüksiz şatlyk häli-şindi peýda bolup başlady. Şol şatlyk, çöldäki ýalňyz yşgyň ýadap gelýän argyn ötegçini özüne çekişi ýaly, oglanjygam özüne çekýärdi.

Bir gün ol Kümaşguýrugyň bojulaýan ýaly gyra çekilişini, göwresinde ýeňiljek, süýji agyry emele gelýän kysmy düýrügişini görüp, garry derwüşe atda bir üýtgeşikligiň bardygyny aýtdy. Şeýle söze garaşyp oturan ýaly, garry derwüş barmaklaryny büküp, bir zatlaryň hasabyny etdi-de, begençli gözlerini oglanjyga dikdi.

Kişiniň begenjini görmek ýakymlydy. Şonuň üçin garry derwüşiň begenýändigini görüp, olam begendi. Hemem bu asylly janawarlaryň ýeke bir dünýä gözellik getirmän, eýsem adamlaram begendirýändigi hakynda pikir etdi. Ýene onuň kellesine bir hyýal geldi. eger adamlar her gün bedew atlaryň ýüzüni görüp, begenip ýaşasalar,ömür garramajak ýaly boldy…

– Kümüşguýruk taýa garaşýar…

Garry derwüşiň hasaby dogry çykdy. Kümüşguýruk nämedir bir zada diňşirgenýän ýaly, gaýçylanan gulaklaryny keýerdip uzak wagtlap tiňkesini dikip durmany çykardy. Hiç zat ýok ýerden, hamana bir zatdan ürkýän kysmy, hatap ýaly açylan agzyny ýere degräýjek bolup çapmany tapdy. Şonda oglanjyk ýere agram salýan bäzbent toýnaklaryň güpürdisini, hemem onuň burunlaryny parryldadyp howany barha özüne dartýandygyny gördi.

Garry derwüş baýtal gulanlajak bolup, bir zatlar ýüregi küýsände, ot-çöpleri däl-de, hut janly tebigatyň özüni küýseýändigini aýdýar. Eger ol şol pursat ýyldyrym küýsese, taýçanak ýyldyrym ýaly okgunly, çeýe bolýar.Eger ol ýel küýsese, yzy bildirmez ýyndam taý dogýar. Şemal küýsän baýtalyň taýy uzakçyl hem ýadamazak bolýar. Oglanjyk garaýeldir ýyldyrymdan gorksa-da, Kümüşguýrugyň şolary küýsemegini isledi.

Onuň diýeni boldy. Şemal arka aýlanyp, ilki garaýel köwsarlap başlady. Soň tupan gatyşykly güýçli boran gelip, Kümüşguýrugyň ýalyny ezdi. Iň soňunda-da, bulutlary böwsen ýyldyrym, garaňky asmanyň ýüzüni Akmaýanyň ýoly ýaly akjymyk çalgowdan doldurdy. Bolmaly zatlar bolmalysy ýaly bolýardy. Ýörelge ugry düzüw bolanda ol şeýle hem bolmalydy. Ony oglanjyk garry derwüşiň derçiräp, barha nurlanýan ýüzünden aňýardy. Ýöne garry derwüşiň hasaby entegem gutararly däldi.

Ol dünýäniň gyrasyndan girjek taý, ýyldyrym ýaly çakgan, garaýel ýaly okgunly, ak ýagyş ýaly ezber boljak bolsa, şeýle göwrä gelşik berjek uçursyz owadanlygam zerur diýýär. Şonuň üçin uly dünýäniň inçeden-inçe tilsimlerini tiren garry derwüş ýene barmaklaryny bükýär.

Ol näçe dünýäniň inçeliklerini tirdigiçe, oglanjygyň gözüne şol düýşüne giren goja barha meňzäp barýan ýaly bolýar.

«Dogrudanam ol şolmuka?»

–Ýüzärlikler gülläýmänkä, bürgüt guşlaryň çagasy–çagatak bürgütler ganat bekläp uçurym bolýar. Ilkinji çagatak bürgüdi gören, durnalar bürgüt çagalary uçurym bolandan soň geçip başlaýarlar. Soňam ötegçi durnalaryň asmandan çagyryjy sesleri eşidilýär. Şol pursadam neýsen balygyň rysgalyna, neýsen ýagşy – aprel aýynda juda seýrek ýagýan ýagyş – ol ujypsyzja damjalary sepeläp geçip gidýär. Onuň damjalary suwa gaçsa – neýsen balygy şol damja garaşyp, suwuň ýüzünde agzyny açyp garaşyp durýar – ol derýanyň düýbüne çöküp düre öwrülýär, gury ýere düşse,kimýa oty gögerýär.Kimýany panyda üç jandar – pyşbaga,ene goýun hemem nesibeli baýtal tanaýar.

 

Mar oglundan gorkar, köl gurbagasy,

Kimýa tanarmyş çölüň lagasy, (pyşbaga)

Derýalarda doglan düwlen çagasy,

Sowuk suwy süýt ornunda içermiş…

 

Kimýa otuny iýen çölüň lagasy uzakdan-uzak ýaşaýar. Ene goýun şeýle oty iýensoň, daraýy ýüňli–sury baganaly guzyny yzyna tirkeýär. Nesibeli baýtal, dinýede deňi-taýy bolmadyk, owadan taýy gulunlaýar.

Garry derwüşiň aýdýan zatlary, oglanjygyň akyly ýeterden has daşdady. Şonuň üçin ol diňe bir zady – taýçanagyň uçursyz owadan bolmagy üçin kimýa atly otuň zerurdygyny belledi. Soňam ol içinden şeýle sözleri gaýtalady:

 

«Neýsen ýagşy, kimýa oty, owadan taý…».

 

 

* * *

Kesearkajyň düzünde ýene bir üýtgeşik syr peýda boldy. Kümüşguýruk türkmen Gününiň aşagynda üýtgeşik owadan taýy dünýä berdi. Garry derwüşiň begenjiniň çägi ýokdy. Ol azaby ýerine düşen adam ýaly, ýeke ýüzüni däl, gözlerinem güldürýärdi. Hemem dünýäniň gyrasyndan giren iň ýaşajyk jandary–türkmene öçmez şöhrat getirjek taýçanagy söýgüleýärdi.

–Neýsen ýagşy iri damjalaryny gysganyp geçip gidipdir. Kümüşguýruk kimýa otuny iýipdir. Görýämiň taýçanagyň gözüniň dup-durudygyny. Kimýa otuny iýen baýtalyň nesliniň gözi, arassa çeşmäniň suwuny içen jereniň gözi ýaly dury bolýar…

Üzeňňä aýagyny ildiren adamyň dünýe aýagynyň aşagyndadyr. Guşlara ganat berlişi ýaly, bedew atlaryň göwresine-de ganat baglanandyr… Taýçanagyň ady, goý, Ömürgüne bolsun…

Derwüş hem-ä şeýle sözleri aýdýardy, hemem ene baýtalyň tyňzap duran ýelnini sypalap, onuň ilkinji süýdüni–oguz süýdüni könege sagýardy. Könege düşen süýt owazlanyp, edil bedew atlaryň kişňeşýän sesleriniň sährada ýitip gidişi ýaly, sähra siňýärdi…

Soň garry derwüş baýtalyň ýelnini mazaly boşadyp, oglanjygyň hem Ömürgünäniň maňlaýyna ak süýtden çaldy. Bu geljegiň ak bolmagynyň, bedew atlaryň ýüzüniň hemişe haýyrly görünmeginiň anyk palydy.

Soňam ol könekdäki süýdi syçyradyp, töwerege sepeledi.

Uly dünýäniň içinden geçen garry derwüşiň çuňňur ynanjyna görä, töwerege syçyran süýtleriň her bir saçyrantgysy asmana–ýyldyzlaryň arasyna göterilip, soň olar behişdi bedewler bolup Oguz iline dolanmaly…

Agşam oglanjyk düýş gördi. Düýşünde ýerden göterilen ene baýtalyň süýdi, biri-birinden owadan atlar bolup, asmandan gaýyp gelýärler. Soňam olar  Kesearkajyň düzüni dolduryp kişňeşýärler. Bedew atlaryň kişňemesi–behişdiň gapysyny açýar…

Oglanjyk begenip oýandy. Gören düýşüni garry derwüşe aýtmakçy bolsa, ne derwüş bardy, ne-de onuň hümmet hasasy. Diňe guran sözen agajyndan ýaramazja torba asylgydy.

Köne torbanyň içinde, onuň özündenem köne ýene bir torba çykdy. Ikinji torbanyň içinde keýigiň düýrlenen hamy bardy. Hamyň ýüzünde çarpaýa galyp duran atyň hemem gök asmanyň şekili çekilipdir. Asmanyň ýüzem ownujak ýyldyzlardan hünji düzülen ýaly…

Nepislik bilen çekilen suratyň aşagynda, keşde çekilen ýaly hatlar owadan edilip ýazylypdyr. Oglanjyk haty hetjikläp okady. Bu garry derwüşiň bedew atlaryň neneňsi seýislenişi barada ýazan ýazgysydy.

«Tebigatdan alnan närseler, tebigatyň özi ýaly güýçli, gaýduwsyz bolýandyr. Asman atlary, asmanyň özi bilen seýislenmelidir. Tebigat hiç haçan ýalňyşýan däldir. Tebigatyň döreden zatlarynda gümürtik zatlar bolýan däldir. Her ýigrimi gün, ýigrimi gün aralygynda Allanyň emri bilen belli bir wagtda, belli bir sagatda, belli-belli ýyldyzlar dogýandyr. Asmanda ýyldyzlar doganda, zeminde-de üýtgeşiklik bolýandyr. Ýa gyzgyn, ýa sowuk, ýa şemal, ýa ýagmyr…

Tebigatyň üýtgeýşini bedew atlar syzýandyr. Atyň şeýle inçeligi syzan pursady, seýisem ony – atda bolýan üýtgeşikligi duýmalydyr. Şol pursat, ýyldyzlaryň dogýan wagty, bedew atyň ýüregi nämäni küýseýär? Oňa ot gerekmi, suw gerekmi, şöwür isleýärmi ýa gezim etdirmelimi?..

Seýis şolaryň barysyny bilmelidir. Eger bedew atlar ýyldyzlar arkaly seýislense, eýle atyň öňüne toýnakly geçip bilmez, onuň bilen bäsleşip biljek gudratam bolmaz… Gudraty olaryň özleri döredýändir…»

Oglanjyk haty nebsewürlik bilen gaýta-gaýta okady. Soň ýene-de okady. Soňam…

Hatyň aşagynda gönderilen nama ýaly şeýle setirler ýazylypdyr.

 

«Daň ýyldyza» gözün ýuwdur,

«Ülker guşa» ýüzün ýuwdur,

«Aralygy» ýolda görgün,

«Üç ýyldyzy» ilde görgün,

«Ýaldyrak» seň düýnüň bolsun,

«Ekiz owlak» müýnüň bolsun,

«Kerwengyran» görmegin,

«Akmaýada» sürmegin,

«Ömürzaýa» hemra bolgun,

«Zöhre» gyzy ömür görgün.

 

Bu ýyldyzlar arkaly aty neneňsi edip seýislemegiň çelgisidi. Ýöne sen asman gümmezi arkaly at seýislemezden öňürti, olary – ýyldyzlary bäş barmagyň ýaly seljermeli…»

Oglanjygyň dogup göreni şo ýyldyzlardy. Entek ol kiçijekkä, atasynyň sanlyja sözler bilen, ümmülmez giňişligi herekete getirişine haýranlar galýardy. Hemem onuň hemişe hemme wagt bilmelisiň diýen sözleri bilen gulagyny gandyrýardy.

«Sen eneň dilinden öňürti, tebigatyň dilini öwrenmelisiň, olary bilmeseň durmuş diýip atlandyrylýan düýpsüz derýada ýaşamak kyn bolar…»

Şonuň üçin oglanjyk, beýnisi bekän gününden bäri olary öwrenip ýördi…

 

* * *

Göze görünmeýän gyla daňylan ýaly, ýyldyzlar görnüp başlady. Olar kändi, ýöne oglanjyk ummasyz köp bolan ownujak ýyldyzlara däl-de, seýrek dogýan iri ýyldyzlara seredýärdi.

Ol şu gün garry derwüşiň sargydyny berjaý edip, selällikdenem öň Daň ýyldyzyny görkezmek üçin Ömürgünäni gezime alyp çykdy. Daňyň buşlukçysynyň dogşuny gören atyň süňňünde ýeňillik duýulýardy. Onuň şähdi açylyp, ýöredigiçe ýöräsi gelýärdi. Burunlaryny parryldadyp,kese-kese bökýärdi. Çöpüň düýbünden turan towşany keýpihonlyk bilen kowalaýardy. Haýsydyr bir depäň üstüne çykyp, dünýä seredýärdi. Bu onuň boldum diýdigidi. Ugry düzüw at hemişe-de, şeýle hereket ederdi. Bu säheriň edýän täsiridi.

Öçüp-ýanyp duran alty sany ýyldyzy – Ülkeri gören Ömürgünäniň hasam göhi gelýärdi. Onuň bagtyna şol pursat azajyk ýagşam sepeledi. Ýagyş ýeke bedew atyň äl, oglanjygyňam ýüzüni ýuwdy. Oglanjygyň ýüzüni ýene bir ýagyş ýuwdy, ol onuň begenç gözýaşlarydy. Sebäp ol, wagt geçdigiçe garry derwüşiň goýup giden tilsimlerini ele alyp, nädeňde, nä boljagyny aňşyryp başlapdy. Garry derwüşiň aýdyşy ýaly, her gezek täze ýyldyz görende Ömürgünäniň Uçaratyň ýüregi bir zat diýýärdi. Ony oglanjyk atyň süňňünden syzýardy. At bolsa, bir gün ot küýsese, ýene bir gün gezim küýseýärdi. Oglanjygam ony mähetdel etmän ýerine ýetirýärdi.

Ekiz owlakly geçi, Kerwengyran, Akmaýanyň ýoly görnen pursady, oglanjyk, garry derwüşiň aýdyşy ýaly, şol gün – busähet gün, Ömürgünäni hiç ýaňa çykarmaýardy. Şeýle bolanda Ömürgünäniň özi gazygynyň daşynda aýlanyp, özi-özüni seýisleýärdi. Ýogsam asmanyň ýüzünde tolkun atyp barýan derýany ýatladýan Akmaýanyň ýoly, oglanjygyň eý görýän ýyldyzydy. Her gezek ol ony görende, ýekeje ýyldyzyň äpet asmany ikä bölüp bilşine haýranlar galardy.

Şeýdip, günler geçip durdy. Ömürgünäniň  aýaklary batlanansoň, indi ol selin tümmekleriniň üstünden bökmän, göni enesiniň üstünden bökýärdi. Sähel zada tebil tapyp, barha tezlenýärdi. Şonuň üçin oglanjyk üstünden del ys–adamyň der ysy gelmez ýaly, eşiklerini çogana ýuwup, hut janly tebigatyň öz ysy bilen onuň ýanyna barýardy.

Ýyldyzlaram dogup-ýaşyp aýlanyp durdy. Garry derwüşiň aýdyşy ýaly, ýigrimi gün – ýigrimi günden täze ýyldyz öz syry bilen görünýärdi . Her gezek olar görnende-de Ömürgünede bir üýtgeşiklik duýulýardy. Şol inçeligem oglanjyk syzýardy. Onsoň ýene hupbaty ýetik, ýakymly ýoluň täze syry açylýardy. Olar bir- iki däldi, ymgyr kändi. Oglanjygyň göwnüne asmanyň syry gara ýeriňkidenem has köp ýalydy…

Hon-ha, Ömürzaýa bilen Kerwengyran biri-biriniň öňüne düşjek bolup haýdaşlap barýarlar. Ýedigen nirä gitse, aşyk-magşuk ýaly, Ülkerem onuň yzynda. Olar geplemän, sözleşýärler.

Ýedigeniň agzy eýýäm ýokaryk öwrülip – ol  ilki görnende, agzy aşak bolýar – ýetişipdir. Bahym ol Demirgazyk ýyldyzyna tarap öwrüler. Soň haý diýmän daýanykly gyş ýyldyzlary peýda bolar. Bu güýzüň golaýlandygyny habar berýär. Şeýle bolanda ata öňküsindenem ykjam seretmeli. Oglanjyk şony edýärdi. Ömürgünä ýalpyldap, almalygynda aşyk oýnabermeli bolupdy. Bu zatlaryň bary bilinmez asman syrydy. O syry ýyldyzlar alysda, öz ýanlarynda aýawly hem pugta saklaýar. Ony diňe bedew atlar syzýar. Bedew atlaryň diline-de çyn seýisler düşünýär.

Onsoň ýene ýaz geler. Ýene sary sähralyk gülzarlyga öwrüler. Kesearkajyň düzünde ýene bedew atlaryň nikasy gyýylar… Oglanjygyň garry derwüşden öwrenen syry – asman syrlary şu toprakda galar. Soň ol ýene dowam eder… Şeýdibem üstünden niçeme ýyllar geçse-de, ýyldyzlar arkaly seýislenen bedew atlaryň şöhrady, asmandaky seýrek dogýan iri ýyldyzlar ýaly, barha şugla saçar.

Oglanjyk şu zatlaryň boljagyna ýüregi bilen ynanýardy. Onuň ýene bir ynanýan zady bardy.  Ol onuň öz syrydy.

 

* * *

Entek ýagyş ýagmadygam bolsa, howadan onuň ysy gelýärdi. Arka aýlanan şemal sähradan Kümüşguýrukdyr Jygalygaranyň ýitip gidýän ysgynsyz sesini getirýärdi. Ömürgünäniň şemala ykjaýan altynsow ýallary şabyrdap ses edýärdi. Güýjän şemal oglanjygyň arkasyny birsyhly üşedýärdi…

 

ZÜNNAR

 

Ýedi ýyldan bir gezek gelýän bu täsin toýy Paryzdepe ýene öz göwsünde garşy aldy. Bu galpak ýa gelin toýy däl, üýtgeşik toý — çaýkanyp duran uly dünýä goşant edilýän nepiň toýy. Şonuň üçin adamlar toýa ýöwseljiräp, müýnli ýaly, ökje ogurlap barýardylar. Sebäp bu toýda adamyň agramy — dünýä eden nepi ölçenýär. Sen uly dünýäň gyrasyndan gireňsoň, uzyn ömrüňde bir zatlar goşant edip bildiňmi? Ýa iýip-içip, aýak ýoluna gatnap oňaýdyňmy? Hany seniň dünýä gelip-gideniňi ertirki gün ýatlarlar ýaly goýup giden zadyň? Eger bir zatlar etmäge ýetişen bolsaň-a, Paryzdepäniň töründe ornuň bar. Etmedigem bolsaň… onda toýa gelenem bolsaň, öz agramyňa görä oturjak ýeriňi özüň peýläwer. Bu panynyň gurluşy şeýle, özüň utanmasaň, munda ýagşy-ýaman hemme geçip dur. Ýene geçer.

Biziň garry seýis ikimiz henize çenli ýatlanar ýaly dünýä nepimizi degrip bilmänimizsoň, has aşakda, köwüşleri eýläk-beýläk süýşürip aýakuçda ýerleşdik. Garry seýis dyzymyzy epenimizde, müýnürgäp, ýüzüni aşak saldy. Meniň seredýänimi bilip hasam kiçeldi. Ýöne özümiz ýaly ýüzüni galdyryp bilmän oturanlar başga-da kän eken. Özlerem kileň, birneme gara ýeri basgylan adamlar. Bolsa-da içinde hyrçyny dişleýänlerem görünýär. Kemini bilýänler bar, muňa-da şükür. Barysyny bir aýakdan sürmeli bolsa nädersiň?! Bu birhili gülkünjirägem görünýär, ýöne begençli däl.

Bu täsin toýa tomaşa etmäge paryzdepelileriň galabasy diýen ýaly gelipdir. Hatda gelin-gyzlara çenli bar. Bir ýerlerde, Baltaga-da gözüm kaklyşan ýaly boldy. Ýöne olam müýnürgäp ýüzüni sallaýar. Elbetde, haýwan-ynsan soňky bir gün ýatlananyny kem görýän däldir-dä.

Geçen gezegem edil şu wagtkymyz ýaly hemmämiz üýşüpdik. Soňam hiç zat başarmamyzsoň, etmesizi eden ýaly, körkeýp dargaşypdyk. Men bu gezegem şeýle bolar öýdüp gorkdum. Sebäp töre — Seljuk beginiň oturan ýerine tarap ymtylýan ýekeje adamam göze ilenokdy.

Bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly, güňleç sesli uly deprek üç ýola batly kakyldy. Bu «Hany, içiňizde dünýä nepini degireniňiz barmy» diýildigidi. Depregiň sesi näçe batly kakyldygyça, oturanlar ýüzüni şonça-da aşak salýardy. Bu has erbedidi. Küren oba bolup, dünýä nepini degiren ýekeje adam tapylmasa…

Deprek soňky gezek kakylanda, dünýäniň müňde bir tozuny ýapynjasyna siňdiren garry derwüş ýokary — Seljuk beginiň oturan ýerine tarap ýöneldi. Ol adamlaryň ejiz görnüşini görmejek bolýan ýaly, garry süýeklerini süýräp, Seljuk beginiň synyny basyp diýen ýaly ornaşdy.

Garry derwüş özüniň bimany ömründe, bir adamyň görmeli zadyny görüp, eşitmeli zadyny eşitmelidigini mälim etdi. Soňam iňňesiz-sapaksyz üýtgeşik tikimi uly dünýä peşgeş etjekdigini aýtdy. Muňa hemmeler, hatda köp zatlardan habarly diýilýän Seljuk beginiň özem haýran galdy.

Geň galmaz ýalymy näme? Heýem bir temensiz-sapaksyz tikin tikip bolarmy? Dünýäde nämeler bolmaýar. Gurrasy duşsa hemme zat bolýa. Kimdir biri atam döwürleri daşdan don tikilendigi, şonda dony tikmek üçin toprakdan sapak işilendigini ýatlady. Bu söz adamlary hasam heýjana getirdi. Oturanlar indi oňa gorky gatyşykly hormat bilen seredişýärdiler. Garry seýisem dünýäniň inçeligine haýran galyp, çalaran başyny birsyhly yralaýady.

Toý täzeden başlanan ýaly boldy. Häliden bäri ýylgyrmak diýilen zat ýat bolan ýüzlerde çalaja ýagtylyk göründi. Hatda garry seýsiňem ýüzi açyldy.

Seljuk beginiň yşarat etmegi bilen, söweş atyny idip getirdiler. Janawaryň endam-jany pers-alady. Söweşde atyň şöhraty synasyna düşen ýara bilen ölçelýändigini paryzdepeliler bilýärdiler. Şonuň üçin at gaty garran hem bolsa, hemmeler oňa duýgudaşlyk bilen seredýärdi.

Söweş aty birneme südür görüpdir, ýa-ha naýzanyň ýalaw ýaly ujy ýa-da şoňa meňzeş ýiti ýarag galtaşyp, artky aýagynyň hamynyň esli ýerini serpipdir. Haýdan-haý em edilmese, ýaranyň azmagy ähtimaldy. Iki sany ullakan ýaşyl siňek ýaranyň üstüne gonup, aty bimaza edýärdi. Şonuň üçin ol aýaklaryny birsyhly ýygryp ýazýardy.

Garry derwüş ullakan ot ýakdy. Soňam ol ýüzüni asmana tutup, hamana ýegre dosty bilen gepleşýän ýaly, bir zatlar pyşyrdady. Men ol begenç dogasyny okaýandyr öýtdüm.

Aty höre-köşe bilen ýanyn ýatyrdylar. Derwüş ýedi oýnam atly garynjany tutup gelmeklerini tabşyrdy. Paryzdepede garynja, onda-da atly garynja gyt çöp däldi. Islendik takyrda olaryň öýjügine gabat gelmek bolýady. Haý diýmän, kiçijik çaý haltanyň ýarysyna golaý garynja tutulyp getirildi.

Garry derwüş atyň hamyny biri-birine ýabşyryp garynjanyň birini oňa golaýlatdy. Özüniň gabsalanyna öňem jany ýanyp duran haýwan hama golaýlaşylandan agzyny açyp hatylatdy. Garynjanyň mazaly dişlänini gören derwüş, ýanyp duran kesindini pökgeren artbujaga degirdi. Muňa öňem gyzza-gyzza bolyp duran garynja syrtyna köz basylansoň, hamy öňküsindenem hem gaty dişledi. Garry derwüşe geregem şo borly. Ol garynjanyň ymykly dişlänini bilip, boýnunyň inçelýän ýerinden gaýçyny saldy.

Bu zatlaryň bary adamlaryň gözüniň alnynda bolup geçýädi. Şonuň üçin olar garry derwüşiň her bir hereketine bilesigelijilik bilen seredýärdiler. Derwüş bolsa özüniň ysgynsyz hereketini dowam etdirýärdi. Ýöne ol şeýle perwaýsyz görünse-de, assyrynlyk bilen bu güýmenjäniň Seljuk begine nähili täsir edýändigini biljek bolýan ýaly, gyýtmak gözlerini aýlaýady.

Soň ikinji garynjanyň takdyram şeýle boldy. Üçünji garynja-da şondan enaýy bolmady. Garynja kelleleri köpeldigiçe, şonça-da ham ýamalmak bilendi. Sähel salymyň içinde atyň serpilen hamy bile biten ýaly boldy. Seljuk beginiň oturan ýerinden çalaja, ýöne düşnükli ses eşidildi.

— Aperin saňa…

Şol gün ynsanyň dünýä gelen güni ýaly, ymaratlydy. Hemmeler begençli nazar bilen garry derwüşe seredýärdiler. Hemem özleriniň nalaç edeýindiklerine — dünýä goşant edip bilmeýändiklerine ökünýän ýalydylar. Onda-da olary synlamak ýakymlydy. Men gaty köp wagtlardan bäri görmedik zadymy — illeriň begenjini görýärdim. Bu soň-soňlar hem hakydamdan çykmady. Ol paryzdepelileriňem ýadynda uzak ýyllar ýaşady. Soň «Garynja tikimi» uly dünýä ýaýrady. Ol häzirem ýaşap ýörmüş.

***

Şol gün agşam men garry seýsiň bir zadyň kül-külüne düşenini aňdym. Onuň bu tutjak bolýan tutumy hakynda öň eşidipdim. Ol tutum hupbatly hem inçedi. Sen gara ýer bilen iş salyşman, arş bilen iş salyşmalydyň. Ýöne onuň birýan tarapynyň ata ýanalýandygy ýakymlydy. Oguz ili hemişe-de ýagşy zadyny ata ýanaýady. Garry seýis seýisçiligiň iň kyn ýoluny — asman seýisçiligini nazarlaýardy.

Paryzdepede henize çenli oňa ymtylýan ýokdy. Asla ol ymtylaýyn diýeniň bilen ymtylybermeli zadam däldi. Sen atyň rişmesinden tutmazdan öň, ilki alysdaky ýyldyzlary aşyk tändiren ýaly tändirip bilmelidi. Bu bolsa aklaňdan aşyp, odun ýygan ýaly däldi. Ol kelle götererden agyrrak telpekdi.

Onsoňam sen seýisçiligiň çür başyna ýetdim diýeniňde-de, atyň synasy oňa güwä geçmeli — guýrugynyň iň uzyn tary atyň boýnunyň inçelýän ýerine laýyk gelmeli. Eger ol uzyn ýa gysga gelse, onda ýeke sen däl, bütin Paryzdepe utanjakdy.

Ýyldyzlar arkaly seýislenen at hemişe asmana garap ýörensoň, onuň boýnunyň uzyn hem inçe bolýandygy hakynda eşidipdim. Ýörände-de ol darazlanyp — kellesini öňe atyp, ýöreýär diýerdiler. Gadym döwürler, ogyzlaryň ata-babasy asman seýisçiligi bilen seýislenen atlary bilen agyr ýörişlerden dolanyp gelýäkäler alysdan uzyn aýakly, inçe boýunly bedewleriň kelle tutuşyndan olaryň ýeňiş bilen dolanyp gelýändiklerini biler ekenler. Şeýle ýörişi ýalňyz asman seýisçiliginiň synagyndan geçen atlar amala aşyrypdyr.

Ol barada baş galdyrylmasa-da indi köp-köp ýyllardan bäri sary sähralaryň arasynda ýaşap gelýän köne aýdymy Paryzdepede hemmeler bilýär. Aýdym gamgyndan-gamgyn heň bilen külpetli toprak, ata-babalaryň hypbatly ötüren günleri, ýowuz jepalar bilen başlanýardy. Ony adamlar hernä gamgyn wagtlary tukatlykda ýatlaýardylar. Menem ony bir döwürler ürç edip öwrenipdim. Ol şeýleräk başlanýardy öýdýän:

 

Paryzdepäm, pynhan depäm,

Kyssaň seniň şeýle ýowuz.

Sen hakynda gürrüň berýär,

Külli seljuk — agyr oguz.

Depelendi ürgün çägäň,

Ýetim galdy bala-çagaň,

Pederleriň süýekleri,

Seň çägäňe dökün boldy,

Eneleriň gözde ýaşy,

Ak çägede akyn boldy,

Boldy ýene köp zat boldy…

 

Ol şeýdip uzalyp gidýärdi. Soňam haýsy ýyldyzy göreňde näme etmelidigi birin-birin görkezilen — ýyldyzlar arkaly seýislenen atlary bilen oguzlaryň beýik ýeňişleri gazanyşlary suratlandyrylýardy.

 

Daň ýyldyzy gözün ýuwsun,

Ülker ýyldyz ýüzün ýuwsun,

Aralygy ýolda görgün.

Üçýyldyzy ilde görgün.

Ýaldyrak seň düýnüň bolsun,

Ekizowlak müýnüň bolsun,

Kerwengyrany görmegin,

Akmaýada sürmegin,

Ömrizaýa hemra bolgun,

Zöhre gyzy ömür görgün.

Bedew atyň ädim ursun,

Sähralarda seýran kylsyn,

Şöwür çeksin, ýyldyz görsün.

Ýalňyşmagyn, ýalňyşmasyn.

 

***

Şeýdibem asman seýisçiligi başlandy. Garry seýis indi köne aýdymda näme aýdylan bolsa, şonam edýärdi. Haýsy ýyldyzy görmeli, haýsy ýyldyzy görmeli däl — barysy ýerine ýetirilýärdi. Gojanyň aýtmagyna görä, göze görünmeýän, gyla daňylan ýaly, belli bir wagtda dogup ýaşýan ýyldyzlaryň dünýä geljegini at ilki syzýar. Atdaky galagoplugam seýis bilmeli. Şol pursat atyň göwni näme küýsese, —  ýalyny ysgadasy gelýärmi, agynamak isleýärmi ýa-da sähralarda şöwür çekesi gelýämi — ýüreginiň küýsegini aňyp, şonam etmelidi.

Garry seýis şonam edýädi. Arasy ýigrimi günden, ilki tirkeşýän ýyldyzlar görünýärdi. Soň beýleki iri ýyldyzlar peýda bolýady. Her dogan ýyldyzam bir zat «diýýärdi». Gojadyr Kümüşguýrugam ýyldyzlaryň diline düşünip, şol hörpden gopýady.

Ömrizaýa haýsy tarapa ýaýbaň berýär? Ýedigeniň agzy nirä bakýar? Akmaýanyň ýoly beýleki ýyldyzlar bilen nähili utgaşýar? Garry seýsiň şeýle alysdaky zatlary çöp döwen ýaly edişi meni haýran galdyrýardy. Onsoň bu zatlaryň bary gözüň öňünde bolup geçensoň, hem-ä oňa guwanýardym hemem özümiň är  — dek ýaly bolubam elimden zat gelmeýänine oturyp-oturyp içim ýanýady.

Günler ylgawuny ýazdyrman, gyssanmaçlyk bilen geçip durdy. Her bir dogup-ýaşýan gün Kümüşguýruga barha gelşik berýädi. Indi onuň gulaklary gaýçylanyp, owadan boýny darazlanypdy. Ýörände-de kellesini öňe atyp, gelişikli ýöreýädi.

Ýöne atyň barha owadanlaşmagyndan beter meni başga bir zat haýrana galdyrýady. Ýyldyzlar arkaly serenjam berlip, taba getirilen at, seýsiniň ýetenini ýa ýetmänini äşgär etmek üçin öz synasyny özi seýislemelidi. Bu has täsindi. Şonuň ýalam gorkulydy. Täsinligi — garry seýis şol tilsimi uly dünýä goýup gitmelidi. Eger onuň şol diýýäni bolmasa, onda hajatyňy görübermelidi.

Ynha, indi haý diýmän, ýene Paryzdepede uly toý — nepiň toýy toýlanmaly. Şonda garry seýsiň oturjak ýeri äşgär bolar. Men hem begenýärdim, hemem gaty gorkýardym.

***

Garry seýis Kümüşguýruk bilen ylaýjak üç ýyllyp çörňeleşdi. Ynha biz ýene toýa şaýlandyk. Ýöne bu gezek iki bolup däl-de, üç bolup barýas. Kümüşguýrugam ýanymyzda. Näme üçindir, goja oňa münmän, idip barýar. Belki, ol onuň ata bolan hormatydyr.

Biz baranymyzda märeke gaýtgyn alyp duran eken. Ýöne hemmeler aýakuçda. Özleriniňem kibitleri gysyk. Menem olaryň deňinde saklanmakçy bolanymda, garry seýis ezenegimden çekip, çalaja pyşyrdady.

— Hany, entek howlukma…

Deprek ýene güňlenç ses edip ýaňlandy. Bu çakylykdy. Ol ikinji ýola çagyranda, goja Kümüşguýrugy alyp öňe çykdy.

— Atym Kümüşguýruk ýyldyzlar arklay seýislendi…

Goja tegelek üç ýyl atyny asman seýisçiligi arkaly seýisländigini aýtdy. Seljuk begi başyny atyp, Kümüşguýrugy synlady. Soňam «Geçilmeli synagdan geçsin — atyň synasy öz-özüni seýisläpmi» diýen manyda ýanyndaky serbazlara ümledi. Şol dem serbazlaryň biri Kümüşguýrugyň guýrugynyň iň uzyn taryny kynlyk bilen ýoldy. Soňam begiň emri bilen tirmeçiler derhal guşak ýasamaga başlady. Guşak ýasaýan ussalar barha guşagy sünnälemek bilendi. Onuň süňňüne ilki Paryzdepäniň pessejik asmany ýerleşdi. Soň patrak ýaly bolup, ýyldyzlar göründi. Soňam altyn Aý ony hasam gelşige getirdi. Boldum diýlende, birýan gyrasyna-da şeýle sözler ýazyldy.

«Mynasyp bedew dakynmaly…».

Indi, şol täsin guşak atyň boýnuna dakylmalydy, ylaýyk gels-ä, azabyň ýerine gowuşdygy. Gelmese-de…

Nöker gödeňsi elleri bilen guşagy atyň boýnuna atdy. Del adamyň ysyny alan Kümüşguýruk hokranyp keýerjekledi. Nökeriň ikinji ýola eden synanşygam şowsuz gutardy. Üçünji gezek ol guşagyň kelte kakýandygyny aýtdy.

Märekäniň arasynda kimdir biri duýgudaşlyk edip gygyrdy.

— Ölçegde ýalňyşlyk bar bolaýmasyn?!

Ölçeg dogry geldi.

Ýene kimdir biriniň sesi eşidildi:

— Goý, garry seýsiň özi synansyn.

Garry seýis guşagy eline aldy. Kümüşguýruk özüniň ýumşaksy dodaklaryny gojanyň eline ýetirdi. Goja atyň gerşini sypalap, guşagy onuň boýnuna dakmaga synandy. Guşak kelte gelýän borly, ol dakylman galdy. Garry seýsiň ikinji gezekki şowsuzlygyny gören mähelläniň hyşy-wyşysy artdy. Törde oturan begzadalaryň biri gaharly gepledi.

— Ýyldyzlar arkaly aty seýislemek goňşyňdan elek getiren ýalydyr öýtdüňmi?

Soň ýene hemleli sesler eşidildi. Ony diýýänler törde oturanlaryň ýaranlarydy.

— Goý, ol aýakuçdanam aňyrrakda otursyn…

— Dünýä bir zat goýup gitmek öňýeten salpaýagyň işi däldir.

— Atyň bolmalysy ýaly seýislenmändigi görnüp dur-a.

Men aýakuçda däl. Ondanam aňyrrakda — ümdüzine gaçmaga taýýardym. Gojanyňam ýeke eli däl, butlaryna çenli saňňyldaýardy. Görsem, aşaky dodaklaram salparypdyr. Ýöne ol Kümüşguýrugyň gulagyna bir zatlar diýip pyşyrdaýardy. Gataňsy barmaklary bilen atyň eý görýän zadyny — çokulyny gaşaýardy. Müňküldäp duran dodaklaryny atyň ýaňagyna golaýladýady. Çep eli bilenem atyň boýnunyň inçelýän ýerine guşagy dakmaga synanyşýady.

Gojanyň edýän sypaň-sermeňinden ruhy ýylylyk tapýan ýaly Kümüşguýruk barha boýnuny egreldip, ýeňsesini dikgerdýärdi. Ýeňse näçe dikgerdigiçe-de şonça-da boýnunyň egrelýän ýeri inçelýän ýalydy. Men galpyldap gorkujygymdan gözümi ýumdum. Soň näme bolanyny bilemok, ilki Kümüşguýrugyň tanyş kişňän sesi eşidildi. Soňam mähelläniň güwwüldisi. Gözümi açsam, guşak Kümüşguýrugyň boýnynda.

Seljuk beginiň sesi mähelläniň üstüni basdy.

— Ýaňy dünýäniň gyrasyndan giren owadan hem nepis guşagyň ady näme?

Ýene agyr dymyşlyk başlandy. Goja-da ýüzüni ýere salýar. Şol wagt, edil şol wagt ilki çybşyldy, soňam hümmet hasanyň tyrkyldysy, yzýanyndanam pessejik owaz eşidildi:

 

Hydyr bolup gelsem seniň iliňe,

Zünnar bolup çolaşardym biliňe…

 

Bu setirleri aýdan şol garynja tikimini dünýä goýup giden derwüşdi. Ýene Seljuk beginiň sesi mähelläniň depesinde aýlandy.

— Zünnar guşak biline ylaýyk bolýan zenana dünýäniň iň bagtly adamy  bolar…

    Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri