JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, şeýle-de öňde duran gatnaşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna aýratyn üns berildi.

Köptaraply meýdançalarda, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) we Hazarýaka döwletleriniň formatyndaky tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem, ministrler iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň işgärleriniň hünär baýramlary mynasybetli biri-birini gutladylar.

Related posts

Türkmenistanyň gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna giriziler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Täjigistanyň mekdep okuwçylaryna kompýuter sowgat berer

Bethoweniň 250 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçiriler

Ata Watan Eserleri