JEMGYÝET

Türkmenistan 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy goldaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky ysnyşykly ynsanperwer gatnaşyklary, ozalkysy ýaly GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm we birleşdiriji şerti bolmagynda galýar.

«Şu gün 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar bermek meniň üçin ýakymlydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz medeni paýtagtyň hormatly statusynyň çäklerinde medeni çäreleriň geçirilmeginiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna täze itergi berjekdigine, şeýle hem däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

«Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklamak, biziň hyzmatdaşlygymyzyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirmek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar