JEMGYÝET

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy özbek diline terjime edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli heirilen halkara forumyň ýokary derejede gurnalandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşugyň barşynda söhbetdeşler türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara söwda dolanyşygynyň ongukly ösüşine kanagatlanma bildirildi, serhetýaka söwda zolaklaryny işe girizmek boýuna bilelikdäki işler ýerine ýetirilýär, energetika, ulag, oba we suw hojalygynda gatnaşyklar pugtalandyrylýar.

Taraplar sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine özbek dilinde neşir edilen Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysyny sowgat berdi.

Related posts

Sultan Raýew: Türki dünýäsiniň ýaýlymlar bileleşigini dörederis

Halk Maslahatynyň Başlygy: Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegi bermeli

Türkmenistan Devlet Başkanı Türkmen Sporcuları Ödüllendirdi

vepa