Öýleneli bäri öýünde galýan kakasy sebäpli aýaly bilen yzygiderli jedelleşýärdi. Aýaly kakasyny islemeýärdi we onuň öýde artykmaçdygyny pikir edýärdi. Jedeller käte haýran galdyryjy derejä ýetýärdi. Ýene şeýle bir jedeliň wagtynda; aýaly ähli baglanyşyklary kesdi we “ýa men giderin, ýa-da kakaň bu öýde galmaz” diýip, soňky kararyny mälim etdi…
Ol aýalyny ýitirmegi göze alyp bilmezdi. Kakasy sebäpli ýüze çykan jedellerden başga-da, bagtyýar maşgalasy, söýýän aýaly, üstesine-de çagalary bardy. Ol aýaly üçin köp göreşipdi. Maşgalasyny ykjamlaşdyrmak üçin köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Henizem ony gaty gowy görýärdi.
Çäresizlige ýüzlenip näme etmelidigini pikirlenip, öz pikiriçe bir çözgüt tapdy. Kakasyny köp ýyllar öň awçylyk höwesiniň netijesinde özi üçin bina etdiren jaýyna alyp gitmek kararyna geldi. Hepdede bir gezek baryp, zerurlyklaryny üpjün eder, şeýdip, aýaly bilen şeýle meseleleri bolmaz diýip pikir etdi.
Kakasyna zerur boljak ähli enjamları taýýarlandan soň, ýerinde ýatan kakasyny göterip, ulaga mündürdi. Oglunyň “Kaka, menem seniň bilen gitjek bolýan” diýen haýyşyna boýun bolup, ony-da ulagyna alyp, ýola düşdüler. Güýz aýlarynyň içinde bolup, howa aşa sowukdy. Gar we tupanyň täsiri bilen ýoly zordan görýärdiler. Oglunyň “Kaka, nirä barýarys?” diýen soraglaryna jogap bermän, pikirler içinde ýol alyp barýardy. Öň tarapdan kakasynyň bolsa nirä gidilýändigini aňlap, gözýaşlaryny gizlin aglaýardy, ogly bilen agtygyna bildirmezlige synanyşýardy.
Ahyry dag öýüne baryp ýetdiler. Köp wagtdan bäri ol ýere gelinmändi. Dag öýi köpden bäri serenjam berilmändigi üçin zaýalanyp, üçeginden suw geçirýärdi. Ulagdaky düşekleri jaýyň bör burçuna ýerleşdirdi. Soňra kakasyny ýatyrmak üçin ýeri taýýar etdi. Şemalyň sesini jaýyň içindne duýmak bolýardy. Ertesi gün gelip, ýorgan we birnäçe düşek getirmek pikirine geldi.
Şeýle gynançly ýagdaýda goýup gitmek aňsat däldi. Ençeme ýyl ähli kynçylyklara döz gerip, ýetişdiren oglunyň özüni dag öýünde goýup gidýändigine gynanan kaka hem dymyp oturdy. Gitmek wagty gelipdi. Meni bagyşla diýýän ýaly gujaklady. Iň soňunda ikisi-de özlerine erk edip bilmän agladylar. Oglunyň elini tutup, dag öýüni çaltlyk bilen terk etdi.
Ulagyna mündiler. Oglunyň aglamaga başlap:”Näme üçin atamy şol sowuk ýerde goýduň?” diýdi. Jogap bermek kyn bolupdy, ejesi şeýle isleýärdi diýjek boldy. Az wagtdan soň ogly: “Kaka, sen garranyňda, men seni hem şu ýere getirerinmi?” diýen sowal bilen ýüzlendi.
Bu söz ýigidiň ýüregine hanjar ýaly saplandy. Şondan soňra ulagy derrew yzyna öwürdi. Dag öýüne baryp, kakasyny gujaklap: “Meni bagyşla kaka” diýdi. Kaka-ogul gujaklaşyp, çaga kimin agladylar.
Juwan ýigit: “Kaka meni bagyşla! Saňa şeýle ýagdaýda goýup gidendigim üçin meni bagyşla!” diýip eden uly ýalňyşlygyna düşündi.
Kakasy oglunyň bu sözlerine iň manyly jogaby berdi… “Gaýdyp geljekdigini bilýärdim oglum. Men kakamy dag öýünde taşlamadyn, sen meni taşlarsyňmy… Meni bu dagda goýup bilmejekdigiňi bilýärdim…”