DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti ABŞ-da saparda bolar

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian 22-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak üçin ABŞ-a sapar bilen gider. Bu barada Eýranyň neşirleri habar berýär.

Adatça, her ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde ýokary derejedäki mejlis geçiriler. Ol 24-nji sentýabrda başlap, 28-nji sentýabrda tamamlanar.

Şol mejlisde çykyş etjek bolýan Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian öz ýurdunyň garaýyşlaryny beýan eder.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian döwlet baştutany wezipesine saýlanandan soňra ABŞ-a özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar.

Bu saparyň çäklerinde ol birnäçe ikiçäk duşuşyklar geçirer. Düýn özüniň ilkinji metbugat ýygnagyny geçiren Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian öz ýurdunyň ähli döwletler, ilkinji nobatda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanda döwlet saparynda bolar

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda

Mottaki: Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ygrarly