DÜNÝÄ

TOPH gaz geçirijisini Owganystanda başlamak üçin gepleşikler geçirilýär

Golaýda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň ykdysayd meseleler boýunça  Hökümet Başlygynyň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar bilen onlaýn duşuşygynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň owgan bölegindäki gurluşygyna başlamagyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Bu gezek “TAPI Pipeline Company” konsorsiumynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow hem gatnaşdy.

Duşuşykda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygyny Owganystanyň çäklerinde dowam etdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan ministri TOPH gaz geçirijisiniň Owganystandaky gurluşygynyň öz ýurduň esasy wezipeleriniň biridigini belläp, degişli owgan edaralarynyň bu taslama boýunça işlerini tamamlandygyny aýtdy.

Muttaki TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan böleginiň gurluşygynyň ýakyn wagtda başlamagyna umyt bildirýändigini belledi.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde bu taslamanyň gurluşygyna ýakyn wagtda girişmäge taýýardyklaryny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar