DÜNÝÄ

Eýranyň ilaty 85 milliondan geçdi

Eýran Yslam Respublikasynyň ilatynyň sany 1-nji fewral ýagdaýyna görä, 85 million 961 müň adama barabar boldy. Bu barada Eýranyň Statistika merkezi habar berýär.

2026-njy ýyla çenli Eýranyň ilatynyň 601 müň adam artmagyna garaşylýar.

Statistiki maglumatlara görä, ýurduň şäher ilatynyň sany 66 million 207 müň adama deňdir. Oba ilaty bolsa, 19 million 754 müňe barabardyr.

Hasabata görä, ilat sanawynda erkekleriň sany 43 million 372 müň, aýallaryň sany bolsa, 42 million 589 müňe deň boldy.

Related posts

Arkadag şäherinde gol çekilen ilkinji resminamalar

Türkmen wekiliýeti Bakuda Yslam Ösüş Bankynyň ýyllyk mejlisine gatnaşdy

Boliwiýada 20 sany näbelli haýwan görnüşi tapyldy