DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasy integrirlenen söwda giňişligini döreder

Wengriýadaky resmi däl sammit hem-de Azerbaýjandaky 12-nji resmi sammit – Türki Döwletleriň Guramasynyň 2025-nji ýylda meýilleşdiren 2 esasy çäreleriniň hatarynda durýar. Bu barada guramanyň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew “Kazinform” agentligine beren beýanatynda belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, bu agzalýan sammitler möhüm meseleleri hem-de guramanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen täze başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança bolar.

– Türki Döwletleriň Guramasy giňeldilen hyzmatdaşlyk hem-de strategik ösüş döwrüne gadam basdy. 2025-nji ýyl türki döwletleriň arasynda has-da jebisleşen ýyl bolar – diýip, baş sekretar belledi.

Ykdysadyýet, ulag, bilim we syýahatçylyk ýaly ugurlarda uly ösüşleriň gazanylandygyny bellän baş sekretar Kybanyçbek Omuraliýew maýa goýum we hyzmatlar pudagynda erkin söwda ylalaşygy boýunça gepleşikleriň dowam etdirilýändigini belledi. Ol bu ädimiň has integrirlenen söwda giňişligini döretmek üçin uly mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Omuraliýew Türki Döwletleriň Guramasynyň halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňletmegi dowam etdirjekdigini belläp, bu ugurda BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Afrika Bileleşigi, ASEAN we beýlekiler bilen gatnaşyklaryň dowam etdirilýändigini belledi.

Ýene-de okaň

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy