BIZNES

Gazagystan bilen Özbegistan bilelikdäki söwda merkezlerini döreder

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde söwda merkezi açylyp, onda Gazagystanda öndürilýän harytlaryň ýerlenmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem öz nobatynda Astanada şeýle merkez döredilip, onda Özbegistanyň harytlaryny satmak göz öňünde tutulýar.

Gazagystanyň Özbegistandaky ilçihanasy bu ýurtda işleýän Gazagystan telekeçileri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge kömek etjek bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistan Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Dilşod Rasulow geçen ýyl goňşy ýurduň Aktau şäherinde paýlaýyş merkeziniň açylandygyny aýtdy. Bu merkeziň üsti bilen Daşkent azyk önümlerini bilen oba hojalyk önümlerini Gazagystan bazaryna eksport etmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, bu merkezden beýleki ýurtlara iberiljek özbek harytlaryny wagtlaýyn saklamakhem meýilleşdirilýär.

Gazagystan bilen Özbegistanyň 4,5 milliard dollarlyk 34 bilelikdäki taslamany durmuşa geçirýändigi bellemek gerek.

Related posts

Türkmenistan’da 2019 yılında yapılacak fuarların listesi

vepa

Halkalaýyn energo ulgamyň taslamasy durmuşa geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Kültür ve Turizm Müsteşarı “Atavatan Türkmenistan’a” konuştu

vepa