Ýene-de sanlyja günden Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary badalga alýar. Döwrebap derejede Olimpiýa oýunlarynyň geçirilip başlanan 1896-njy ýyldan bäri bu iri halkara ýaryşy 16 gezek Ýewropa, 6 gezek Demirgazyk Amerika, 4 gezek Aziýa, 2 gezke Awstraliýa we 1 gezek Günorta Amerika yklymynda geçirildi.
Kabul edýän şäheriň ady bilen agzalýan Olimpiýa oýunlary häzirki wagta çenli 19 döwletiň 23 şäherinde geçirildi. 1904-nji ýylda Sent-Luis, 1932-nji we 1984-nji ýyllarda Los-Anjeles hem-de 1996-njy ýylda Atlanta ýaly şäherlerde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň iň köp geçirilen ýurdy ABŞ-dyr.
Şol bir wagtda Angliýada Olimpiýa oýunlary 3 gezek, Gresiýa, Fransiýa, Awstraliýa we Ýaponiýada 2 gezke geçirildi.
Şeýlelikde, Pariž şäherinde geçiriljek nobatdaky Olimpiýa oýunlary bilen Fransiýa dünýäniň iri sport ýaryşyny 3-nji gezke gurnaýan döwletleriň hataryna goşular.
Mundan ozal, Fransiýada 1900-nji we 1924-nji ýyllarda Olimpiýa oýunlary geçirildi.
Mundan başga-da, Hytaýda, Ispaniýada, Günorta Koreýada, SSSR-de, Kanadada, Meksikada, Italýada, Finlýandiýada, Niderlandlarda, Belgiýada we Şwesiýada Olimpiýa oýunlary gurnaldy.
Şäher hökmünde Olimpiýa oýunlary iň köp Angliýanyň paýtagty London şäherinde geçirildi. 100 ýyldan soňra täzeden Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlary hem bu şäherde 3 gezek geçirilýär.
Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiýa oýunlary XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary hökmünde agzalýar. Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul-11-nji awgust aralygynda geçiriler. Olimpiýa oýunlarynyň başlamagyna 2 hepde galanda 8.6 million bilet satyldy. Satyljak biletleriň sanynyň 10 milliondan gowrak bolmagyna garaşylýar.