Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 05-nji iýundaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Gowy tarapyňyzy görkezersiňiz. Ugurtapyjylygyňyz we tejribelerňiz islendik garaşylmadyk ýagdaýlary ýeňip geçmäge kömek eder. Köp Hamallar iş prosesini gowulandyrmak üçin gymmatly pikirleri getirer. Şertnamalaryň baglaşmak möhüm amallara gol çekmek üstünlikli bolar. Gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly meseleleriňizi hem çözmek üçin amatly pursat. Iş saparlary gowy geçer we uly peýdalar getirer.Dostlaryňyz we maşgala agzalaryňyz size kömek etmek isleýärler.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Günüň birinji ýarymynda aragatnaşygy çäklendiriň. Duýgulary ýeňip geçmek size kyn bolar şonuň üçin gapma-garşylyklardan gaça durup bilmersiňiz. Beýleki işgärleriň gatnaşmagyny talap etmeýän zatlary ediň. Işe ünsi jemlemek aňsat bolmaz ýöne ýeke özüňiz gazanmaga synanyşyň, tagallalaryňyz hökman netije berer.Az salymdan keýpiňiz gowulaşar. Zatlara ugurtapyjylykly garaýyş toplanan meseleleri çözmäge kömek eder. Käbir Sowurlar ýolbaşçylardan höwes alarlar. Agşam biraz maşk etmeli ýa-da gezelenje gitmeklik maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Pikirleriňizi durmuşa geçirmekde aňsatlyk bilen ýol taparsyňyz. Emma zatlara ýerlikli garamagy we geljege düýpli baha bermegi ýatdan çykarmaň, ýogsam ýalňyşlyk goýbermek howpy abanýar. Her karar hakda ünsli pikirleniň, tassyklanmadyk maglumatlara ynanmaň.Güniň ikinji ýarymynda ýakyn dostlaryňyz size köp kynçylyklaryňyzy ýeňip geçmäge kömek edip bilerler. Jöwzalaryň köpüsi goldow almak üçin ýakynlary bilen bile bolmalydyrlar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu güni gündelik meseleler bilen başlaň we biraz soň möhüm meselelere geçiň. Iş keýpine girmek aňsat bolmaz ýöne synanyşsaňyz gaty çalt ýerine ýetirersiňiz. Kärdeşler bilen gapma-garşylyklardan gaça duruň düşünişmezligiň netijelerini ýok etmek üçin köp wagt gerek bolar. Az salymdan özüňizi bir ýere jemläp bilersiňiz şonda aragatnaşyk gaty üstünlikli ösüp başlar. Möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak mümkin bolar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Möhüm zatlary günortana çenli goýuň. Irden işe üstünlikli çemeleşmäge päsgel berýän gaharjaňlyk mümkindir. Az salymdan duýgularyň kem-kemden azaljakdygyny duýarsyňyz. Soňra esasy meseleleri çözmäge geçmeli.Maşgala Esetleri öý işlerine üns bermeli bolar. Agşam ýakynlaryňyz bilen bolmak olary diňlemek we zerurlyk ýüze çyksa goldaw bermek has gowusydyr.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Meýilleşdirilen işleriňizi irden başlaň bu aýratyn öndürijilikli wagt bolar. Maslahatlar ýygnaklar we gepleşikler gowy geçer. Sünbüleleriň köpüsi peýdaly aragatnaşyk gurup we ygtybarly hyzmatdaşlary gazanyp bilerler. Täze bilim almak dilleri öwrenmek we başarnygyňyzy ýokarlandyrmak aňsat bolar. Köpden bäri garaşýan habaryňyzy almagyňyz müňkin.Güniň ikinji ýarymynda öýde galyň we maşgala agzalaryňyz bilen dynç alyň.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Häzirki işleriňize üns beriň resminamalaryňyzy tertibe salyň uzak wagtlap goýýan zatlaryňyz bilen iş salyşyň. Käbir Mizanlar ýolbaşçylarynyň öňünde özüni gowy görkezip biler we abraýyny güýçlendirerler.Güniň ikinji ýarymynda islendik ýagdaýda täze tanyşlyk etmek isleýänler elbetde olary tapmaga mümkinçilik alarlar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Sypaýçylyk we nepislik şu gün üstünlik gazanmagyň açary bolar. Irden keýpiňiz gowy bolar şonuň üçin ownuk zatlara gaharlanmaly dälsiňiz.Adaty gündelik işleriňize üns beriň kärdeşleriňiz bilen aragatnaşygy çäklendiriň jedelleşmäň şonda meýilleşdiren zatlaryňyzyň hemmesini başararsyňyz. Günüň ikinji ýarymynda dolandyryş ýa-da täsirli adamlar bilen üstünlikli aragatnaşyk gurmak mümkin.Öýdäki meseleler siziň gatyşmagyňyzy talap eder. Maşgala Akraplary esasanam, garyndaşlaryna has köp üns bermelidirler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Güýjiňiziň artmagy köp meseläni çözmäge kömek eder. Köplenç şol bir wagtyň özünde telekeçilik meselelerini we gündelik aladalary çözmeli bolarsyňyz. Dolandyryş tarapyndan ýokary baha beriljek gowy teklipleri edip bilersiňiz. Siziň özüne çekijiligiňiz beýlekiler üçin aýdyň bolar we tanyşmagy aňsatlaşdyrar. Käbir Kowuslar iş gatnaşyklaryny romantiki ugra öwrülip biler.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Agşama çenli işleriňizi goýmaň öňüňizde köp işler bar. Günüň birinji ýarymy işjeň aragatnaşyk şertnamalar baglaşmak we möhüm resminamalara gol çekmek üçin amatly bolar. Beýleki işgärler bilen gatnaşygy talap edýän meseleleri ýerine ýetirip bilersiňiz. Okamak bilen meşgullanýan Jediler täze bilim almagy aňsatlaşdyrar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Siziň edýän tagallalaryňyz hökman öz miwesini berer. Şonuň üçin wagt ýitirmäň we mümkin boldugyça ir işe giriň. Konstruktiw çekişmeler we ýygnaklar üçin amatly gün. Iş saparlary üstünlikli bolar. Geljek üçin meýilnama düzüň olaryň amala aşmak üçin ähli mümkinçilikleri bar. Günortan okamak ýa-da ekzamenlere taýýarlyk görmek üçin amatly.Daluwlaryň köpüsi garyndaşlaryndan ýa-da täsirli tanyşlaryndan peýdaly maslahatlary alarlar. Agşam bolsa zyýarata gitmeli ýa-da dostlaryňyzy çagyrmalysyňyz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Kiçijik zatlara üns bermaň ýogsam keýpiňizi gaçyryp biler. Möhüm meseleleri has amatly güne geçirmek has gowudyr. Güniň ikinji ýarymynda resminamalaryňyzy tertibe salyň ýakyn geljek üçin zatlary meýilleşdiriň. Şahsy durmuşyňyzda ownuk kynçylyklara duş gelersiňiz. Ýöne olary çalt ýeňip geçip bilersiňiz. Başgalaryň gyzyklanmalaryna we duýgularyna düşünmek ukyby ähli zatlary çalt düzetmäge kömek eder.