Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň tamamlanmagy bilen möwsümiň iň gowylary saýlandy. Iňlis futbolçy Harri Keýn 2023/24-nji möwsümde “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy.
Oňa bu baýrak şu möwsümde Germaniýanyň “Bundesliga” futbol çempionatynda geçiren 36 goly üçin berildi.
Italiýanyň “Seria A” çempionatynda “Atalanta” bilen “Fiorentina” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň tamamlanmagy bilen Harri Keýn Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy.
“Bawariýa” toparynyň hüjümçisi 36 gol geçirip, 72 utuk gazandy. Her bir gol üçin 2 utuk berilýär.
Iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda ikinji orny “Ştutgart” toparyndan 28 gol bilen Seru Girassi, üçünji orny bolsa degişlilikde, Kilian Mbappe bilen Erling Holand 27 gol bilen paýlaşdy.
