BIZNES

“Botaş” we “Gazprom” Stambulda tebigy gaz söwda merkezini döreder

Türkiýe bilen Russiýa tebigy gazy ýerlemek üçin söwda meýdançasyny döretmek babatda iş alyp barýar. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar habar berdi.

– Biz rus tarapy bilen tebigy gaz söwda merkezini döretmek, şeýle hem tebigy gaz boýunça baha ýagdaýyny döretmek konsepsiýasy ugrundaky işimizi dowam edýäris. Ýakyn birnäçe aýyň dowamynda Stambul maliýe merkeziniň çäginde “BOTAŞ” bilen “Gazprom” kompaniýalarynyň bilelikde tebigy gaz söwda merkezini döretmegini göz öňünde tutýarys – diýip, ministr belledi.

Ministriň bellemegine görä, Türkiýä diňe bir tebigy gaz söwda merkezini döretmek bilen çäklenmän, ony eksport ediji ýurda hem öwürmegi meýilleşdirýär.

Onuň bellemegine görä, Türkiýäniň içerki tebigy gaz zerurlyklary ýyllyk 50 milliard kubmetre deňdir. Maýa goýumlaryň we tebigy gaz infrastrukturalaryň netijesinde, Türkiýä her ýyl 70-80 milliard kubmetr tebigy gaz kabul etmek mümkinçiligine eýedir.

– Güýçli tebigy gaz geçirijilik infrastrukturasy Ýewropa tebigy gaz eksport etmäge mümkinçilik döreder. Türkiýä ilkinji gezek Wengriýa, Bolgariýa, Rumyniýa we Serbiýa tebigy gaz eksport edýän ýurda öwrülýär – diýip, ministr Alparslan Baýraktar belledi.

Türkiýä özüniň içerki tebigy gaz zerurlyklarynyň 50 göterimini ýurtda döredilen suwuklandyrylan tebigy gazyň hasabyna üpjün edýändigi bellenildi.

Şeýle hem ministri Türkiýe Respublikasynyň ýerasty tebigy gaz desgalarynyň kuwwatlyklaryny 2028-nji ýyla çenli 12 milliard kubmetre ýetirmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda bu kuwwatlyk 5,8 milliard kubmetre ýetirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi