SPORT

“Borussiýa” 3-nji gezek Çempionlar ligasynda finala çykdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynyň netijesinde ilkinji finalçy belli boldy. Ol hem Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary boldy.

Bir hepde mundan ozal, öz meýdançasynda Fransiýanyň çempiony, Kilian Mbappeli “PSŽ” toparyny 1:0 hasabynda ýeňen “Borussiýa Dortmund” topary myhmançylykda hem 1:0 hasabynda utup, taryhynda 3-nji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

Ýeňiş gazanan toparyň ýeke-täk goluny 35 ýaşyndaky goragçy Mats Hummels geçirdi.

“PSŽ” topary ýene-de bu iri ýaryşda finala çykyp bilmedi.

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň finaldaky garşydaşy şu gün belli bolýar. Ispaniýanyň “Real Madrid” topary öz meýdançasynda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyny kabul eder.

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary soňky gezke 2013-nji ýylda finala çykypdy. Şonda Germaniýanyň başga bir topary bolan “Bawariýa” toparyndan 2:1 hasabynda utulypdy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler