BIZNES

Türkmenistan Daşkentdäki “Innoprom. Merkezi Aziýa” halkara senagat sergisine gatnaşýar

Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Innoprom.Merkezi Aziýa” halkara senagat sergisi öz işine başlady. Özbegistanyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrliginiň gurnaýan sergisine Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşýar.
Şeýle hem bu sergä gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, senagat we söwda ministri Denis Manturow, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Özbegistana bardylar. Üstümizdäki ýyl bu sergä 27 döwletden 450 daşary ýurt kompaniýasy we 10 müňe golaý adam gatnaşýar.

Sergä gatnaşyjylar esasan hem metallurgiýa, energetika, nebithimiýa, farmasewtika we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmegi maksat edinýärler.

Oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi aýratyn bellendi, innowasion oba hojalyk tehnologiýalaryny, gaýtadan işleýän desgalary, ammar terminallaryny we ösen logistika ýaly bilelikdäki agrosenagat toparlarynyň döredilmegi ýaly ugurlar  göz öňünde tutuldy.

Serginiň çäginde hususy pudagyň wekilleriniň arasynda ikiçäk duşuşyklar geçirilip, onda täze taslamalary we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik dörediler.

Sergi 24-nji aprele çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi