SPORT

“Baýeriň” çempion bolmagy üçin 3 utuk galdy

Şu möwsümde ýeňilmän gelýän Germaniýanyň “Baýer” toparyna çempion bolmak üçin bary-ýogy 3 utuk galdy. Germaniýanyň “Bundesliga” futbol çempionatynyň gutarmagyna 6 tapgyr galdy. Çempionatynyň öňbaşylary bolan “Baýer” bilen “Bawariýa” toparynyň arasyndaky aratapwut 16 utuga deň boldy.

Habi Alonsonyň şägirtleri 28-nji tapgyrda “Union” toparyny 1:0 hasabynda utup, 76 utuk jemledi.  Ýurduň köp ýyllardan bäri yzly-yzyna çempion bolup gelýän “Bawariýa” topary şu möwsümde uly şowsuzlyga uçrady. Çempion boljak topar bilen aratapawudy 16 utuga ýetirdi.

Çempionatyň tamamlanmagyna 6 tapgyr galdy. 14-nji aprelde “Baýer” topary “Werder” toparyny ýeňen halatynda çempion bolar.

Bu möwsümde 18 duşuşygyň 24-inde ýeňiş gazanan Habi Alonsonyň talimçiligindäki “Baýer” topary 4 duşuşykda deňme-deň oýnady. Bu topary 69 gol geçirip, 19 gol geçirtdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler