MEDENIÝET

Duşenbede Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

Duşenbede Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm goşant bolar.

Açylyş dabarasy Täjigistanyň Sadriddin Aýni adyndaky opera we balet akademiki döwlet teatrynda geçirildi. Dabara iki dostlukly ýurduň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet, sungat, ylym-bilim ulgamlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Ine, bu gün hem iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri täjik topragynda duşuşýarlar. Ýygnananlar döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilik üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de şu gezekki çäräniň türkmen we täjik halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri