Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden Ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeleriň ähmiýetini bellediler.
