DÜNÝÄ

Türkiýede ýerli saýlawlarda Jem­hu­riyet halk par­ti­ýa­sy gazandy

Düýn türk hal­ky ýer­li hä­ki­mi­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­ny saý­la­dy. Saý­la­wyň des­lap­ky ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, Jem­hu­riyet halk par­ti­ýa­sy (JHP) iň köp ses alan par­ti­ýa bol­dy. Hä­ki­mi­ýet­dä­ki Ada­lat we ösüş par­ti­ýa­sy (AKP) ikin­ji bo­lup, 35,5 gö­te­rim ses al­dy.

Şeý­le­lik­de JHP 47 ýyl­dan soň­ra saý­law­da iň köp ses alan par­ti­ýa bol­dy. Ada­lat we ösüş par­ti­ýa­sy bol­sa, esas­lan­dy­ry­lan 2001-nji ýy­lyn­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek ikin­ji or­na düş­di.

Tä­ze­den aba­dan­çy­lyk par­ti­ýa­sy 6,2 gö­te­rim, Mil­let­çi he­re­ket par­ti­ýa­sy (MHP) 5 gö­te­rim, Go­wy (IYI) par­ti­ýa 3,8 gö­te­rim ses al­dy. JHP 17 mi­li­on­dan, AKP bol­sa, 16 mil­li­on­dan gow­rak ses al­dy. JHP 35, AKP 24 we­la­ýat­da ýe­ňi­ji bol­dy. MHP 8, DEM par­ti­ýa­sy 10, Tä­ze­den aba­dan­çy­lyk par­ti­ýa­sy 2, IYI par­ti­ýa 1 we­la­ýat­da öňe saý­lan­dy.

Stam­bul, An­ka­ra, Iz­mir we beý­le­ki uly şä­her­ler­de JHP hä­ki­mi­ýe­ti­ni sak­lap gal­dy. Şeý­le hem mun­dan ozal beý­le­ki par­ti­ýa­la­ryň hä­ki­mi­ýe­tin­de bo­lan we­la­ýat­la­ryň kä­bi­rin­de hem has köp ses al­dy. Stam­bu­lyň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti­niň hä­zir­ki ýol­baş­çy­sy Ek­rem Ima­mog­lu 51 gö­te­rim, onuň esa­sy bäs­de­şi AKP-niň da­laş­gä­ri Mu­rat Ku­rum 39,6 gö­te­rim ses al­dy.

Paý­tagt An­ka­ra­nyň hä­zir­ki me­ri Man­sur Ýa­waş ikin­ji ge­zek bu we­zi­pä saý­lan­dy. Ýa­waş 60 gö­te­rim­den gow­rak ses al­dy. Şeý­le­lik­de, onuň alan ses­le­ri bäs­de­şi Tur­gut Al­ty­nok­dan (31,8%) iki es­sä go­laý köp bol­dy.

Ýer­li hä­ki­mi­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry 5 ýyl möh­le­te saý­lan­ýar. Saý­la­wa gat­na­şyk ozal­ky ýyl­lar­da­ky­dan pes bol­dy. Ýurt­da 61 mil­li­on 430 müň tö­we­re­gi saý­law­çy bo­lup, şo­la­ryň 47 mil­li­on 714 mü­ňi ses ber­di. Şeý­le­lik­de gat­na­şyk 78,5 gö­te­rim bol­dy.

Ýurt­da­ky 81 we­la­ýa­tyň 11-in­de ze­nan da­laş­gär­ler ýe­ňi­ji bol­dy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri