Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy geçirildi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, TÜRKSOÝ guramasyna agza döwletleriň sungat wekilleri Aşgabada geldiler.
«Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň Gutlag haty okaldy. Onda şeýle diýilýär: “Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çäreler TÜRKSOÝ-a agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürer diýip umyt edýärin. Şolaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň, «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatynyň we türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň işgärleriniň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisiniň biziň halklarymyzyň medeniýet we sungat wekilleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygynyň kämilleşmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn”.
Nowruz ýaýlasynda geçirilen dabarada türkmen halkynyň milli medeniýeti hem-de baý taryhy giňden açylyp görkezildi. Şeýle hem TÜRKSOÝ guramasyna agza döwletleriň – Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň diwarlyklary ýerleşdirilip, olarda bu döwletleriň millilikleir, baý medeni we taryhy gymmatlyklary görkezildi.
Şeýle hem «Türkmeniň ak öýi» binasynda türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň işgärleriniň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Mundan başga-da, bu ýerde dostluk konserti geçirildi.
Şeýlelikde, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çärelere resmi taýdan badalga berildi.