JEMGYÝET

Türkmenistan — Eýran: saýlama duşuşygynyň petekleri satylýar

26-njy martda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysyny kabul eder. Duşuşygyň petekleri eýýäm satuwa çykaryldy.

«Е» toparçanyň çägindäki duşuşyk paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Oýun 20:00-da başlanýar.

Petegiň bahasy — 30 manat. Petekleri «Aşgabat» köpugurly stadionynyň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz! Kassalaryň iş tertibi — 09:00-dan 21:00-a çenli (dynç günsüz).

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 95-50-37.  

Related posts

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň ikinji tapgyryna ak pata berildi

Ata Watan Eserleri