DÜNÝÄ

Ženewada haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili W.Hajiýewiň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanynda akkreditirlenen Halkara hristian haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşygy guraldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar dünýäniň dürli künjeklerinde pes derejede ýaşaýan ilata ýardam bermäge gönükdirilen ynsanperwer taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu babatda, Guramanyň wekilleri Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde alyp barýan ynsanperwer syyasatyna, durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha berdiler.

2021-nji ýylda Türkmenistanda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny tarapyndan alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Bu Gaznanyň işi bilen has ýakyndan tanyşdyrmak üçin, duşuşygtň ahyrynda ýokarda agzalan haýyr-sahawat guramasynyň wekillerine degişli maglumatlar berildi.

Ýokarda agzalan halkara haýyr-sahawat guramasynyň dünýäniň 190-a golaý ýurdunda iş alyp barýandygy, şeýle hem bu gurama tarapyndan diňe 2022-nji ýylyň dowamynda umumy bahasy 1 milliard 20 million ABŞ dollaryna barabar bolan jemi 3 692 sany ynsanperwer taslamasy durmuşa geçirilendigi barada bellemek zerurdyr.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri