MEDENIÝET

Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň genetiki seljerme işleri geçirilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny köpeltmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär.

Bedewleriň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak, olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işler dowam edýär.

 

Related posts

Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Iň şowsuz film yglan edildi

Buker baýragynyň eýesi belli boldy

Ata Watan Eserleri