DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Gürrüňdeşligiň çäklerinde R. Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Bişkek şäherinde ýylylyk elektrik bekedinde bolan hadysa zerarly türkmen tarapynyň Gyrgyz Respublikasyna suwuklandyrylan gaz ugratmak arkaly ynsanperwer kömegini berjekdigi barada habar berdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagy ylalaşdylar.

Related posts

Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistanda

Gruziýanyň Adalatçysy bilen bolan duşuşyk barada

Dünýäniň iň ýaş Prezidentini saýladylar