JEMGYÝET

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Türkmenistanda saparda bolan Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýyldyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherine baryp gördi. Arkadag şäheri Merkezi Aziýanyň, şeýle hem türki dünýäsiniň ilkinji “akylly” şäheridir. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde türkiýeli myhmanlar üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary dürli görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistanyň adyndaky köp sanly halkara festiwallara gatnaşyp, köp sanly abraýly baýraklaryň eýesi boldy. Toparyň düzümindäki “Akhan” ahalteke bedewi Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.

Bu ýerde Arkadag şäheri bilen tanyşlykdan soňra «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa eden Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýyldyza türkmen halkynyň milli lybaslary bolan don-telpek sowgat edildi we myhman «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi.

Related posts

Öğrenci Vizelerinde Yeni Uygulama Geliyor

vepa

Täze ýyl baýramy üçin 850-den gowrak söwda nokatlary guralar

Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri