BILIM

Türkmen talyplary Polşadan medally dolandylar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow ýurdumyzyň talyplarynyň Polşa Respublikasynda geçirilen Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Polşa Respublikasynda geçirilen bu abraýly aň-paýhas bäsleşigine Türkmenistanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň köpsanly wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 25-si bu halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, 8 altyn, 11 kümüş we 6 bürünç medallara mynasyp bolup, Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterdiler.

Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşige ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Related posts

Daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligi

Ata Watan Eserleri

Hususy kärhanalaryň işgärlerini tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrýarys!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi