SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koreý syýahatçylary üçin Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň sanawy düzüler

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk  forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşan Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu koreý syýahatçylary üçin Merkezi Aziýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň sanawyny düzmegi teklip etdi. Bu barada “Kazinform” habarlar gullugy habar berýär.

– Koreý syýahatçylaryny gyzyklandyrýan Merkezi Aziýanyň baý taryhy, ajaýyp tebigaty we gözel künjekleri bar. Soňky ýyllarda Gazagystan syýahatçylyk pudagyna 4 milliard dollar maýa goýum gönükdirdi. 400-den gowrak syýahatçylyk desgalary guruldy, hususan-da dag-lyža şypahanalary, myhmanhanalar we ulag ulgamy boýunça taslamalar durmuşa geçirildi. Bu pudagyň mümkinçilikleri açmak üçin Forumyň sekretariatyna Merkezi Aziýa ýurtlaryna toparlaýyn syýahaty gurnama üçin syýahatçylyk kompaniýalarynyň sanawyny düzmek meselesini öwrenmegi teklip edýäris – diýip, ministr Murat Nurtleu belläp geçdi.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler