SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusyň “Omikron” görnüşi üçin sanjym taýýar

2 ýyldan gowrak wagt bäri koronawirus ýokanjy bilen göreşýän dünýä jemgyýetçiligi wirusyň “Omikron BA.4” we “BA.5” kiçi görnüşleri üçin göreşýär. Wirusyň bu görnüşi üçin Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ugur Şahin täze sanjymy döredendiklerini mälim etdi.

Koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlaryň ilkinjilerini işläp düzen Ugur Şahin wirusyň “Omikron” görnüşi üçin hem sanjym taýýarlandyklaryny habar berdi.

Zerur rugsadyň gysga wagtda berilmegine garaşýandyklaryny mälim eden Şahin: “Sanjymy birnäçe günden gowşuryp bileris. Bu sentýabryň başyndan mümkin “-diýdi.

“Omikron” koronawirusyň bir görnüşi. “BA.4 v BA.5 Omikron” bilen baglanyşykly görnüşleriň biridir. Bu wariantlar ilkinji gezek Günorta Afrikada şu ýylyň başynda peýda boldy we häzirki wagtda köp ýurtda ýaýrady.

Öň öndürilen sanjym bilen täze sanjymyň arasynda uly tapawudyň ýokdugyny mälim eden Ugur Şahin täze sanjymlar boýunça taýýardyklaryny aýtdy.

Related posts

Türkmenistan koronawirusa garşy iň täze we ýokary hilli waksina satyn alar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatdan amala aşyrylýan halkara ýolagçy howa gatnawlaryň tertibi

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: ýerli ýolagçy gatnawynyň tertibi