MEDENIÝET

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi mälim edildi

Her ýyl adatça oktýabr aýynda ylym-bilim hem-de döredijilik babatda gazanylan üstünlikler üçin berilýän Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan etmek hepdeligi dowam edýär.

2023-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna norwegiýaly ýazyjy Ýun Fosse mynasyp görüldi. Ol pýesa we proza žanrlaryndaky täzeçilikleri üçin şeýle abraýly baýraga mynasyp boldy.

Fosseniň edebiýat durmuşy 1983-nji ýylda başlandy. Şol ýyl onuň “Gyzyl, gara” atly romany çap edildi. 1994-nji ýylda onuň “We biz hiç haçan aýrylmarys” atly ilkinji pýesasy neşir edildi. Ýazyjy 1995-nji ýylda “Ady” atly pýesasy üçin Ibsen baýragyna mynasyp bolupdy. Fosse şol bir wagtda çagalar üçin hem birnäçe goşgylar ýygyndysyny çap etdi.

2022-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna fransiýaly ýazyjy Anni Erno mynasyp bolupdy.

Şu hepdäniň dowamynda lukmançylyk, fizika we himiýa ugurlary boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi.

6-njy oktýabrda parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi mälim ediler.

Nobel baýragyna mynasyp bolan şahsyýetlere baýraklary 10-njy dekabrda Stokgolm şäherinde gowşurylar.

 

Related posts

Eýranyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

2022-nji ýyl üçin «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edildi