BILIM

5-nji oktýabr – bütindünýä mugallymlar güni

Her ýylyň 5-nji oktýabry Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene 1994-nji ýylda döredildi. Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň 100-den gowrak döwletinde bellenilip geçilýär. ÝUNESKO 1994-nji ýyldan bäri 5-nji oktýabrda Bütindünýä mugallymlar gününi belläp gelýär. Bütindünýä mugallymlar güni bilim edaralarynda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerini ýatlap geçmek maksady bilen döredildi. Şeýle şanly sene mynasybetli mugallymlary begendirmek, mundan beýläkde höwesli zähmet çekmekleri üçin okuwçylar, ene-atalar tarapyndan gyzykly çäreler guralýar. Bütindünýä mugallymlar gününde aýdym-sazly konsertler geçirilip, süýjiden-süýji gutlaglar aýdylýar.

Ýöne bu sene käbir ýurtlara görä, dürli senelerde bellenilip geçilýär. Geliň olaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň.

Hindistan: 5-nji sentýabr

Pakistan: 5 oktýabr

Hytaý: 10-njy sentýabr

Braziliýa: 15-nji oktýabr

Täze Zelandiýa: 29-njy oktýabr

Malaziýa: 16-njy maý

Şri-Lanka: 6-njy oktýabr

Germaniýa: 5-nji oktýabr

Türkiýe: 24-nji noýabr

Related posts

HYDYR DERÝAÝEW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

«Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Harby instituta okuwa kabul etmegiň tertibi: 2022

Ata Watan Eserleri