BILIM

Türkmenistanda giriş synaglary başlady

Türkmenabat şäheriniň bilim ojaklarynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Girizilen özgertmelere laýyklykda, şu ýyl Türkmenistanda giriş synaglary welaýat merkezlerinde geçiriler. Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen birlikde, ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň üçüsi, orta mekdepleriň ýedisi berkidildi.

Öňňin — 21-nji iýulda Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Serhet gullugynyň Serhet institutynda okamaga isleg bildirýänleriň giriş synaglaryna badalga berildi we Lebap welaýaty boýunça saýlap-seçiş işleri şu gün tamamlanar. Şeýle hem düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty we Türkmen oba hojalyk instituty üçin giriş synaglarynyň Lebap welaýaty boýunça birinji tapgyry geçirildi. Ýokary okuw mekdepleri üçin gündogar sebitdäki saýlap-seçiş işleri 11-nji awgustda tamamlanar.

Orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary şäherdäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde, 2-nji, 24-nji, 26-njy, 41-nji orta mekdeplerde hem-de şäherdäki çagalar sungat we çeperçilik mekdeplerinde geçiriljek giriş synaglary 7 — 13-nji awgust aralygynda bolar.

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Türkiýede uçarmanlyk okuwy üçin kabul edişlik yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 800-den gowrak medal gazandylar

Bilim ministrligine 1-nji synpa barjak çagalara sowgat beriljek kompýuterleri satyn almaga ygtyýar berildi

Türkmenistan-Müsür: bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen ýaşlary Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndan baýrakly dolandy