SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Belawiýa» Aşgabada uçuşlary 1-nji sentýabra çenli çäklendirdi

Pandemiýa sebäpli, şu ýylyň mart aýynda Aşgabada howa gatnawlaryny ýatyran Belarusyň «Belawiýa» awiýakompaniýasy bu çäklendirmäni şu ýylyň sentýabr aýyna çenli uzaltdy. Bu barada kompaniýa öz resmi saýtynda habar berdi.

Uzaldylan çäklendirmeleriň arasynda Polşanyň, Litwanyň, Estoniýanyň (28-nji iýula çenli), Russiýanyň, Özbegistanyň, Kipriň (31-nji iýula çenli), Gruziýanyň, Gazagystanyň we Awstriýanyň (15-nji awgusta çenli) howa menzillerine amala aşyrylýan gatnawlar hem bar.

Şol möhletlere çenli petek alan ýolagçylar uçuşyň senesini üýtgetmek ýa-da tölegi yzyna gaýdyp almak üçin kassa bölümlerine, kompaniýanyň wekilhanalaryna we bu meseleler boýunça goldaw hyzmatlaryna ýüz tutup bilerler. Awiakompaniýa ýolagçylaryň gerekli ugra uçup bilmedik ýagdaýynda tölegi gaýdyp bermek işiniň 31-nji dekabra çenli mümkindigini ýatladýar.

Häzirki Minskden Ukraina, Türkiýe, Fransiýa, Gollandiýa, Şwesiýa, Germaniýa, Moldowa, Ysraýyl, Italiýa, Çehiýa, Finlýandiýa, Belgiýa, Ispaniýa, Ermenistan, Serbiýa we Beýik Britaniýa ýaly döwletlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýan «Belawiýa» Aşgabada hepdede bir gezeklik uçuşy alyp barar.    

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy