SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy – paýhas ummany

Türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň ajaýyp döredijiligi asyrlaryň dowamynda ähli adamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Şonuň üçin hem bu baý döredijiligi, ajaýyp goşgulary alymlar ylmy esasda öwrendiler, şygyrlaryň many-mazmunyny geljek nesillere ýetirdiler. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary halkyň ruhy dünýäsinde mynasyp orun aldy, dünýä edebiýatynyň hem nusgasyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyra belent sarpanyň nusgasy boldy. Munuň özi akyldar şahyryň döredijiligine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň kalbyndan joşup çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ähli türkmen halkynyň kalbyny joşa getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusynyň her bir setiri çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ata Watana, ene topraga bolan söýginiň beýany bolup ýaňlanýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde uly işler durmuşa geçirilýär, şahyryň döredijiligi giňişleýin wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen akyldar şahyryň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilmegi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şonuň ýaly-da, meşhur şahsyýetlerimiziň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejede dabaralandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň çäginde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bellenmäge mynasypdyr. Bularyň hemmesi şahyryň goşgularynyň giňden wagyz edilýändigini, dünýäde meşhurlyga eýe bolýandygyny aýdyň beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler täze-täze üstünliklere beslenýär. Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen 216-njy mejlisinde ady äleme dolan söz ussady Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiniň biragyzdan kabul edilendigi hakyndaky hoş habar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragynyň öý muzeýiniň döredilmegi, paýtagtymyzdaky iň baýry ýokary okuw mekdebine onuň adynyň dakylmagy, birnäçe dostlukly döwletleriň şäherlerinde heýkelleriniň goýulmagy, aýratyn-da dagyň beýik eteginde onuň ýadygärliginiň we ajaýyp seýilgähiň gurulmagy, geljek ýylymyza Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagynyň meýilleşdirilmegi, bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyra goýýan sylag-sarpasynyň, hormatynyň ýokary derejededigini görkezýär.

Ýakupbaý Ýangibaýew, 

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň

Inženerçilik ulgamlary we torlary hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi