BIZNES

«Merkezi Aziýa ─ Hytaý» hyzmatdaşlyk sergisinde Türkmenistanyň pawilýony gurnaldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Siamen şäherinde «Merkezi Aziýa-Hytaý» 10-njy Hyzmatdaşlyk Forumy we forumyň çäklerinde hyzmatdaşlyk sergisi geçirildi.

Bu çärä ýurdumyzdan Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň başlygy Akjemal Durdyýewa hem-de Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Merkezi Aziýa ─ Hytaý» hyzmatdaşlyk sergisinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sergi pawilýonynda gurnalan ýurdumyzyň sergi bölüminde Milli Liderimiziň «Arşyň Nepisligi» atly kitaby, meşhur halyçy zenanlarymyz we olaryň alyp barýan işleri hem-de milli mirasymyz we olary gorap saklamak ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada maglumat berýän foto görnüşlere, şeýle hem Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar tarapyndan öndürilýän dokma önümlerine, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän we dünýäniň ençeme ýurtlaryna eksport edilýän, ýokary hilli, dürli görnüşli önümler barada maglumat berýän wideo görnüşlere aýratyn orun berildi.

Şeýle hem «Merkezi Aziýa-Hytaý» 10-njy Hyzmatdaşlyk Forumynyň çäklerinde geçirilen zenanlaryň ösüşi, gury ýer we deňiz arabaglanyşygy hem-de senagat hyzmatdaşlygy ugurlary boýunça kiçi forumlara gatnaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy