BIZNES

Amerikaly kompaniýa Gazagystanyň ulag pudagyna 1 milliard dollar maýa goýýar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çärelerine gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ABŞ-nyň “Wabtec” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rafael Santana bilen duşuşdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda amerikaly kompaniýanyň Gazagystanyň demirýol pudagyny döwrebaplaşdyrylmak işine gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Amerikaly işewür Gazagystanda wodorod tehnologiýalaryny ulanmak arkaly lokomotiwleriň we onuň toplumlarynyň önümçiligi, inženerçilik merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly tasmala barada hasabat berdi.

Gazagystanyň Prezidenti amerikaly kompaniýanyň ulag-logistika pudagyna 1 milliard dollar maýa goýmak meýilnamasyna ýokary baha berip, munuň Transhazar halkara ulag geçelgesini ösdürmäge goşant goşjakdygyny we beýleki infrastruktura taslamalary üçin esas bolup hyzmat etjekdigini belledi.

Gazagystanyň Prezidentiniň ABŞ-a amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Gazagystanyň demirýollary paýdarlar jemgyýeti bilen ABŞ-nyň “Wabtec” kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

ABŞ-nyň “Wabtec” kompaniýasy “Fortune 500” öňdebaryjy kompaniýalaryň sanawynda orun alyp, ulag we logisitka ulgamynyň iri kompaniýalarynyň biridir.

Kompaniýada 27 müňden gowrak işgär bolup, olar 50-den gowrak ýurtda iş alyp barýar.

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi