JEMGYÝET

Türkmenistan iri halkara sergilerine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň dürli iri halkara sergilerine gatnaşmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda “EKSPO-2025” bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görlüşi, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry-2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, çölleşmägiň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytlamak, alternatiw energiýa çeşmeleri, “ýaşyl” şäher bilen bagly meselelere bagyşlanan “EKSPO-2023 Doha” halkara sergisine gatnaşmagy barada aýdyldy.

Şonuň ýaly hem, ýurdumyzyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek 10-njy Halkara söwda sergisine gatnaşmagy üçin degişli işler alnyp barylýar.

Related posts

Türkmen Lider, yarış arabasıyla çöl pistinde ustalığını konuşturdu

vepa

Türkmen-pakistan syýasy geňeşmeleri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Oğuzhan Nesli Toy Tuttu

vepa

Leave a Comment