JEMGYÝET

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglandy

Ozal habar berşimiz ýaly, öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin-Pýo türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşyklarynyň çäginde ýurdumyzyň Döwlet sylagy bilen sylaglanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekendigini aýdyp, oňa bu Döwlet sylagyny gowşurdy.

Related posts

Owadan Sünbüleler kimler

Ata Watan Eserleri

Hindistanyň tans topary Aşgabatda çykyş edýär

Plastmassa önümçiligini azaltmak zerurlygy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment