BILIM

Türkmen raýatlaryna Russiýada bilim almak üçin wiza ýeňilligi

22-nji iýuldan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy dalaşgärler üçin talyp wizasyny resmileşdirmek üçin resminamalary kabul etmäge başlar. Bu barada “orient.tm” neşiri habar berýär.

Ilçihanadan berlen maglumata görä, resminamalar diňe şenbe günleri kabul edilýär. Şeýlelikde, hepdäniň diňe bir gününde ilçihana wizanyň diňe bir görnüşi boýunça iş alyp barar. Bu türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ýokayr okuw mekdeplerine ýüz tutmagyna ýeňillik döreder.

Bu girizilen täze düzgün şol bir wagtda türkmenistanlylar üçin Russiýanyň ýokayr okuw mekdeplerine berlen orunlaryň sanynyň artmagy bilen hem baglanyşyklydyr.

Ýüz tutujylar üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy:

  • Russiýanyň Içeri işler ministrliginden talyp wizasy resmileşdirmek üçin çakylyk ýa-da Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugynyň wiza boýunça görkezmesi.
  • visa.kdmid.ru saýtynda doldurylan suratly elektron sowalnamanyň çap edilen görnüşi.
  • hereket edýän içerki we biometrik pasportlaryň asyl nusgasy we göçürmesi (hereket edýän biometrik pasportuň möhletiniň çakylykda görkezilen wiza möhletiniň tamamlanýan senesinden 18 aý köp bolmalydyr)
  • SPID ýokanjynyň ýokdugy barada kepilnamanyň rus dilindäki terjimesi (kepilnamanyň möhleti 3 aý bolmaly)

Wiza resmileşdirmek üçin kabul edişlik deslapky sanawa görä amala aşyrylýar.

Talyp wizasyny 7 iş gününiň dowamynda mugt resmileşdirmek bolar. Gyssagly wizany resmileşdirmegiň möhleti 3 iş güni bolup, onuň bahasy 160 dollara deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar