DÜNÝÄ

Türkiýäniň Prezidentiniň Arap ýurtlaryna sapary

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Pars aýlagyndaky arap ýurtlaryna – Katary, Saud Arabystanyny we Birleşen Arap Emirliklerini öz içine alýan 3 günlük resmi saparyna başlady. Bu saparyň çäklerinde umumy bahasy 50 milliard dollara barabar  bolan köp sanly maýa goýum ylalaşyklaryna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Türkiýäniň Prezidentiniň bu saparynda onuň ýany bilen 200-e golaý türk işewüri hem bu ýurtlara sapara barýar.

Türk metbugatynyň habaryna görä, Kataryň, BAE-niň we Saud Arabystanynyň döwlet ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirmegi göz öňünde tutýan Prezident Ärdogan bu ýurtlarda geçiriljek işewürlik forumlaryna gatnaşar.

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) ýolbaşçysy Nail Olpak habarçylara beren beýanatynda, saparyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça gurluşyk-gurnama, saglygy goraýyş, energetika, ulag, maliýe, syýahatçylyk we oba hojalygy ýaly pudaklarda köp sanly şertnamalara gol çekiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Prezidentiniň bu saparynyň öňüsyrasynda Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz hem-de maliýe ministri Mehmet Şimşek bu arap döwletlerinde saparda bolup, deslapky gepleşikleri geçirdiler. Şol saparyň jemleri boýunça beýanat beren Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz nayk taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri