JEMGYÝETSPORT

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda ýene-de bir iri sport ýaryşy geçiriler. Ol hem kuraş boýunça dünýä çempionatydyr.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň noýabr aýynda kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama gol çekdi.

Şol resminama laýyklykda, kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklandy.

Kuraş sport göreşi hökmünde geçen asyryň 90-njy ýyllarynda esaslandyryldy. 2003-nji ýylyň 24-nji ýanwary kuraş üçin taryhy senä öwrüldi. 2003-nji ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geneşi göreşiň bu görnüşini resmi taýdan ykrar edip, ony hermişelik esasda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizdi.

Kuraş, adamzada mälim bolan göreşiň iň gadymy görnüşlerinden biridir. Alymlar bu oýnuň azyndan 3500 ýyl ozal häzirki Özbegistanyň çäginde ýüze çykandygyny belleýärler.

Related posts

Türkmenistan ile Singapur işbirliği

vepa

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlar gowşuryldy

Ata Watan Eserleri

Ýewro-2024: Fransiýa ýeňiş gazandy, Mbappeniň burny döwüldi

Leave a Comment