Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýik özgertmeler amala aşyrylyp, zähmet söýer halkymyzyň şol sanda ýaş nesilleň eşretli durmuşynyň hözürini görüp, bagtyýar ýaşamagy ylymly, ýokary hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu asylly ýörelgeleriň hözürini türkmen ýaşlary durmuşyň her bir ädiminde duýup ýaşaýarlar. Iň täze nusgada gurlan bilim ojaklarynda sowat öwerenip, hünär okuwynda aňyny taplap önümçilik iş usullaryny bir kemsiz özleşdirýän kämil nesiller halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler.

Berkarar döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen hem “Gujurly bilim merkeziniň” Änew şahamçasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de “Gujurly bilim merkeziniň” ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda «21-nji asyrda çaga terbiýesi» atly forum geçirildi. Bu foruma körpeje çagalaryň birnäçesi öz ene-atalary bilen gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda Kakajan Agajykow, Sylap Ataýew, Merdan Amanýazow, Merdan Şadurdyýew ýaly tejribeli mugallymlar “Lezzetlere çäk goýmagyň esaslary we sebäpleri”, “Sosial medianyň peýdalary we zyýanlary”, “Mugallymyň okuwçylara täsiriniň has aýratyn bolmagy, öz çagalaryna şol täsiriň pes bolmagynyň sebäpleri”, “Elektron we kagyz kitabyň okyjy üçin tapawudy” ýaly temalar bilen çykyş etdiler. Şeýle-de foruma gatnaşan ene-atalar özlerini gyzyklandyrýan temalar boýunça sorag-jogap alyşdylar.

Ýurdumyzda watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly ýokary hünärli nesliň ösüp ýetişmegi babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
