BILIM

Uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar

Ministrler Kabietiniň mejlisinde 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen şäheriň edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli ýerine ýetirmek, işgärler köpçüliginiň üstüni yzygiderli ýetirmek maksady bilen Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurdumyzyň orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen resminama gol çekdi.

Related posts

3500 lira talyp haky, okuw we ýaşaýyş jaý tölegi: Türkiýe talyp haky maksatnamasy size garaşýar

Tehnologiýa babatda onlaýn okuw

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment