Şu gün Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşýän ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylyş dabarasyna ýurdumyzda saparda bolýan ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow, diplomatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly myhmanlara gatnaşdy.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan açylyş dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew toý bagyny kesdiler we täze merkeziniň işi resmi taýdan badalga aldy.
Açylyş dabarasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor çykyş edip, hemmeleri bu ajaýyp waka bilen gutlady. Onuň öz çykyşynyň käbir bölegini türkmen dilinde ýerine ýetirmegi dabara gatnaşyjylarda uly tolgunma döretdi.
ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid açylyş dabarasynda çykyş edip, Türkmenistanda saparda bolýandygyny uly buýsanç bilen belledi. Ol saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy bilen örän netijeli duşuşyklar geçirendigini belledi.
Geçen ýyl Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygyny belläp, şol döwürde ýüzlerçe taslamalaryň durmuşa geçirilendigini belläp, ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, howpsuzlyk we ynsanperwer ugurlary öz içine alýandygyny mälim etdi.
Helga Şmid täze merkeziň Türkmenistan bilen häzirki wagtda ýolbaşçylyk edýän guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam etjekdigini belledi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew hem öz gezeginde täze merkeziň işine üstünlikler arzuw etdi. Ol hem Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ölçeglerinde üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid 31-nji maý-8-nji iýun aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar. Ol bu döwürde Türkmenistanda, Gyrgyz Respublikasynda we Gazagystanda resmi gepleşikler geçirer.