Türkmenistan bilen daşary döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda giň tagallalar edilýär. Şoňa laýyklykda, şu ýylyň 5-6-njy iýunynda Gruziýanyň Tbilisi şäherine Türkmenistanyň wekiliýetiniň sapary gurnalar.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, degişli döwürde Tbilisi şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin nobatdaky mejlisi geçiriler.
Onda hususan-da, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.
