MEDENIÝET

«Tarypyň dillerde dessan Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli yglan edýän «Tarypyň dillerde dessan Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde geçirildi.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistler, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, mugallymlar, talyplar we okuwçylar işjeň gatnaşdylar.

Bäsleşigiň jemi boýunça «Tarypyň dillerde dessan Aşgabat» şygary astynda Aşgabat şäherini, onuň gözelligini, ajaýyp binagärlik gurluşyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde eýe bolan belent ornuny  açyp görkezýän edebi we žurnalistiki eserleriň arasyndan ýeňijiler saýlanyp alyndy. Şeýlelikde, Aşgabat şäheri hakynda žurnalistikanyň dürli žanrlarynda taýýarlanylan materiallardan we edebiýatyň dürli žanrlarynda döredilen eserlerden ýeňijiler we höweslendiriji baýraklaryň eýeleri belli edildi. Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda edebiýat we žurnalistika boýunça ýeňijiler aýry-aýrylykda yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlar,  sowgatlar we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşuryldy.

Humaý Ataýewa,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni .

 

 

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi