Hytaýyň paýtagty Pekin şäheriniň ýaşaýjylary sürüjisiz taksileriň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. bu ugurda 10 sany awtoulag ulanmaga berildi. Bu ulaglar 60 inedördül kilometrde halkara hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir.
“China Daily” gazetiniň habaryna görä, Hytaýyň iri tehnologiýa kompanýasy şu ýylyň martynda awtonom hereket edýän ulag serişdeleri ulanmak boýunça ygtyýarnama aldy we şunuň bilen baglylykda bu ugurdaky täzeçil tehnologiýalaryň üstünde işläp başlady. Ol hem sürüjisiz awtoulaglaryň hyzmatyny ýola goýmaga şert döreder.
Geljekde sürüsijiz awtoulag hyzmatynyň gerimini hem-de şäherleriň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär. 2025-nji ýyla çenli 65 awtoulagyň, 2030-njy ýyla çenli bolsa 100 awtoulagyň şeýle hyzmatyndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli şeýle hyzmatlaryň bazarynyň möçberi 188.6 milliard dollara deň bolar we ol hem Hytaýda taksi gatnatmalaryň möçberiniň 60 göterimine eýe bolar.